Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BERKARAR DÖWLETIM, BUÝSANÇLY PARLAÝAR, ÝAŞYL BAÝDAGYM

    Şu gün...

  • HÜNÄRIM BAR-HORMATYM BAR

    Türkmenistanyň...

  • BEÝIK ÝEŇIŞ MIZEMEZ – GAHRYMANLAR BAKYDYR.

    Şu gün...

  • TÜRKMEN ZENANYNYŇ KEŞBI BELENT AHLAKLYLYGYŇ NUSGASY

    Ýakynda...

  • TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ WE DÖWLET BAÝDAGY – ÝURT GARAŞSYZLYGYNYŇ MUKADDES NYŞANLARY

    Golaýda...

Arkadag şäheri bagtyýar nesilleriň şäheri

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň guramagynda Arkadag şäheriniň 2-nji çagalar bakja bagynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli, “Arkadag şäheri bagtyýar nesilleriň şäheri” atly aýdym-sazly dabaraly çäresi geçirildi.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaraly aýdym-sazly çärede berkarar Watanymyzda çagalaryň bagtyýar durmuşy ugrunda edilýän tagallalar geçirilen dabaraly çäräniň dowamynda çykyş eden çagalar we mugallymlar türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen çagalar we ýaşlar baradaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülenligi  we  ýurdumyzda giň dünýägaraýyşly, döwrebap ylymly, bilimli, dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan ýaşlaryň kemala gelmegi üçin ajaýyp şertleriň döredilýändigi, bu zatlar çagalar we ýaşlar hakdaky aladalardan gözbaş alýanlygy hakynda giňişleýin belläp geçdiler.

Şeýle hem Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy ösdürmek ugrunda alyp barýan döwletli işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri bilen jemlendi.

TSTP