Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Ýaşlaryň ýagty geljegini nazarlaýan döwlet syýasatymyz dabaralanýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Türkmenabat şäherindäki Maliýe orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda talyp ýaşlaryň, partiýanyň agzalarynyň we bilim işgärleriň gatnaşmagynda “Ýaşlaryň ýagty geljegini nazarlaýan döwlet syýasatymyz dabaralanýar” alty wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda çykyş edenler Halkyň Milli Lideriniň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bolup geçýän özgertmeler, taryhy wakalar, ýaşlaryň ýagty gelejegi ugrunda edilýän atalyk aladalary, talyplaryň arasynda watansöýüjilik, ahlaklylyk, işeňňirlik ýaly türkmene mahsus häsiýetleriň üstünde durlup geçildi. Ýaşlaryň ylymly-bilimli, ýiti zehinli, döredijilikli bolmaklary barada täsirli gürrüňler etdiler. Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Elbetde, okamak we öwrenmek, sport bilen meşgullanmak, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak bagtyýar nesillerimiziň baş maksady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzda halkymyzyň baý medeni mirasyny gorap saklamak we öwrenmek, milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy wagyz etmek arkaly sagdyn, bilimli, ýokary aň-düşünjeli, watansöýüji ýaş nesiller üçin maksatnamalaýyn işler yzygiderli amala aşyrylýar. Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň döwletiň we jemgyýetiň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak, şeýle hem olarda belent ruhy-ahlak ýörelgeleri kemala getirmek, ösüp gelýän nesli watançylyk, ynsanperwerlik hem-de zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek işine möhüm ähmiýet berilýändigini belläp geçdiler.

Duşuşyga gatnaşyjylar ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döredijilik hem-de sport bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza sagbolsunlaryny aýtdylar, olaryň janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň dik bolmagyny, işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

TSTP