Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Watan Gahrymanlaryny Hormatlap

Şu günler Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli duşuşyklar gurnalýar.

Ýüreklere öçmejek ýaralar salan ýalynly uruş ýyllarynda halklary birleşdiren dostluk, düşünişmek we özara goldaw bermek däplerimiz bu gün dünýä döwletleri bilen Türkmenistanyň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde pugta esas bolup durýar. Türkmenistanyň Ýüreklere öçmejek ýaralar salan agyr synagly, azap-horlukly, jebir-jepaly uruş ýyllarynda tylda galan garrylar, aýal-gyzlar, çagalar “Ähli zat front üçin, ähli zat Ýeňiş üçin!” diýen ählihalk şygaryna eýerip, ýagty geljege, parahatçylyga we Ýeňşe bolan synmaz ynam bilen gije-gündiz zähmet çekdiler. Bugdaýyň iň soňky dänesine, pagtanyň iň soňky übtügine çenli ýygnap alyp, Beýik Ýeňşe saldamly goşant goşdular. Urşuň ýeňiş bilen tamamlanjakdygyna bolan beýik ynam bilen hem-de merdana ýigitleriň sag-aman dolanyp gelmeginiň hatyrasyna türkmen aýal-gyzlary Goranmak gaznasyna altyn-kümüş şaý-seplerini tabşyryp, adamkärçiligiň we ynsanperwerligiň beýik nusgasyny görkezdiler. Bu Ýeňiş aňsatlyga gazanylmady. Halkyň ägirt uly pidalary, gaýduwsyzlygy we yhlasly zähmeti 1945-nji ýylyň baharynda bu Beýik Ýeňşi alyp geldi.  1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň nusgalyk edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde we halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli, uruş weteranlarynyň maşgalalaryna, urşuň yzynda galanlara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň adyndan sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Uruş weteranlarynyň maşgalalary, urşuň yzynda galanlar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsynlar aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP