Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY-GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDAR PREZIDENTIMIZIŇ MILLI DEMOKRATIÝASY

    Arkadag...

  • WATANYMYZYŇ ROWAÇLYGYNY, HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGYNY NAZARLAÝAN TUTUMLAR

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇ MÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ BÄHBIDINE GÖNÜKDIRÝÄN BEÝIK BAŞLANGYÇLARY ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Şu gün...

  • JEMGYÝETIŇ SAGDYNLYGY- BEÝIK ÖSÜŞIŇ BINÝADY

    Golaýda ...

Telekeçilik we ýaşlary

Döwletiň, jemgyýetiň her bir babatdaky ösüşi bilimiň, ylmyň näderejede ösýändigine bagly bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän özgertmeler ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesil hakyndaky aladany hem öz içine alýar. Şonuň üçinem Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, dünýäniň iň soňky gazanan tehnologiýalaryndan baş çykarýan ýaş nesli kemala getirmek we olary iş bilen üpjün etmek aýratyn orun alýar. Bu ugurda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň we Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde guramagynda maslahat duşuşygy geçirildi. 

Duşuşykda Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda türkmen telekeçileriniň has-da ösdürilmegi, hususy telekeçilere döwlet tarapyndan giň goldaw-hemaýat berilmegi we  ýaş  telekeçileriň ýurduň ykdysadyýetine goşýan goşantlary barada aýdyldy. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda ýaşlary telekeçilik işine çekmek, ýaş nesillerimiziň alan hünär bilimini önümçilikde, döwlet gullugynda, ylym we döredijilik ugurlarynda has-da oňaýly peýdalanmaklary üçin öňde goýlan maksatlar bellenilip geçildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar  ýaşlara telekeçilik işini alyp barmakda  giň mümkinçilikler döredip berýän Hormatly Prezidentimize öz sagbolsunlaryny we alkyş sözlerini aýtdylar.

TSTP