Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Kitap üstünligiň açary

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň gurnamagynda Bereket etrabyndaky 20-nji orta mekdebiniň mejlisler jaýynda ýaşlarda kitaba bolan söýgüni güýçlendirmek, olarda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan ýiti eserleriniň üsti bilen watançylyk duýgularyny milli mirasa sarpany, zähmete söýgini döretmek maksady bilen “Kitap üstünligiň açary” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Ýaşlarda kitaba bolan söýgüni güýçlendirmek, olarda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan ýiti eserleriň üsti bilen watançylyk duýgularyny milli mirasa sarpa goýmak, zähmete söýgini döretmek Gahryman Arkadagymyzyň döredip, bize sowgat beren atalyk kitaplarynyň içinden eriş – argaç bolup geçýär  “Ömrümiň manysy” atly edebi-filosofik eseri halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden nesle geçip gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň özboluşly jemlenmesi boldy. Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow pederlerimiziň asylly ruhy gymmatlyklaryna sarpa goýmak bilen, biziň günlerimize çenli ýetip gelen çeşmeleri we maglumatlary jikme-jik öwrenip, olary eserinde jemläpdir hem-de ulgamlaşdyrypdyr. Bu eser dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretdi. Sebäbi türkmen halkynyň milli häsiýetinde we dünýägaraýşynda jemlenen umumyadamzat ynsanperwer ýörelgeleri ýer ýüzüniň köp halklarynyň arasynda uly goldaw tapýar.  Bu eser Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri, döwletimiziň taryhyndaky ähmiýetli wakalar hem-de ömrüni ata Watanymyza we mähriban halkymyza gulluk etmäge bagyşlan Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ýolunyň esasy tapgyrlary baradaky maglumatlary özünde jemleýär. Eserde halk döredijiliginiň, geçmişiň görnükli şahsyýetleriniň we filosoflarynyň pähimli sözleriniň ulanylmagy hem-de edebi taýdan ussatlyk bilen beýan edilmegi müňýyllyklaryň dowamynda dünýäniň halklary bilen dostluk köprüsini gurup gelýän türkmen halkynyň baý ruhy dünýäsine düşünmäge gollanma bolup hyzmat edýän bu kitabyň gymmatlygyny we ähmiýetini has-da artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň döwlet galamyndan çykan bu taryhy-filosofik eser Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz üçin belent maksatlara ýetmegiň ýolunda ruhy daýanç we şamçyrag bolup hyzmat edýär. 

Eziz Diýarymyzy bedew batly, okgunly ösüşlere besleýän, ýurdumyzy ösdürmeklige ähli taraplaýyn giň ýollar açýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň,  Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlary sag, ömürleri  uzak, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaç alsyn.

TSTP