Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Sagdyn durmuş ýörelgesi berkidilýär

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň mejlisler jaýynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Sagdyn durmuş ýörelgeleri rowaçlanýar” atly düşündiriş-wagyz nesihat çäresi geçirildi. Täze, 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylmagy türkmen edebiýatyna, medeniýetine, şygryýetine, söze-söhbede, akyla-aňa, sporda-saglygyňa, çuňluga goýulýan bimöçber hormatyň nyşany boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sport we olimpiýa hereketini höweslendirmek we ösdürmek, oňa ýaşlary işjeň çekmek, türkmenistanlylarda çagalyk ýyllaryndan başlap bedenterbiýe bilen meşgullanmaga höwesi artdyrmak, sagdyn durmuş ýörelgesiniň, zähmetsöýerligiň we döredijiligiň esasynda duran gymmatlyklary berkarar etmek ugrunda guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär. Ynsan saglygyny berkitmek, adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi we gowy dynç almagy üçin şertleri döretmek Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugrydyr. Türkmenistanda saglyk ulgamyny, şol sanda sagaldyş-şypahana dynç alyş we sport ulgamyny ösdürmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Daşky gurşawy goramaga, ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen köpugurly özgertmeler hem adamlaryň durmuşy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin amatly şertleri döretmäge ýardam edýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketi – sagdyn durmuş ýörelgesi ýurdumyzyň milli ösüş tapgyrynyň – täze eýýamynyň ruhuna laýykda gün-günden pajarlap ösýär. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösdürmek ugrynda alyp barýan, türkmen halkynyň hak howandarlary Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP