Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň mejlisler jaýynda Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna sowgat eden “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiň Ýerli wekilçilik häkimiýeti we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň agzasy, Mejlisiň deputaty; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işler boýunça orunbasary, taryh ylymlarynyň kandidaty; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň dil,  edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri; Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmenistanyň taryhy kafedrasynyň mugallymy; “Milli goşun” žurnalynyň bölüm redaktory, şahyr, telekeçiler we talyplar gatnaşdylar.

Kitap gadymy Änewiň möhüm wakalaryny we taryhy döwürlerini beýan edýär. Onuň käbir baplary arheologiki tapyndylara we häzirki döwre çenli saklanyp galan özboluşly binagärlik ýadygärliklerine bagyşlanýar. Ylmy-populýar neşiriň döremegine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň toplan taryhy çeşmeleri ýardam etdi. Mundan başga-da, kitapda Änew medeniýetini ilki açan Rafael Pampelliniň, Wadim Massonyň, Wiktor Sarianidiniň we beýleki görnükli alym-arheologlaryň ekspedisiýalarynyň netijesinde alnan maglumatlar kändigini belläp geçdiler.

“Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitap köpöwüşginli fotosuratlar we şekillendiriş sungatynyň ussatlarynyň surat eserleri bilen bezelip, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çap usulynda, türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilendigini beýan etdiler.

Çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eseriniň türkmen halkynyň şöhratly taryhyny hem-de baý medeni mirasyny öwrenmekde, giňden wagyz etmekde uly ähmiýete eýedigi nygtaldy. Kitabyň mazmunynyň maglumatlara baýdygy, olaryň çeper we düşnükli dilde beýan edilýändigi bellenildi.

Çykyşda   “Milli goşun” žurnalynyň bölüm redaktory, şahyr Aşyrmät Garlyýew:

Janlanýar “Rowaýata öwrülen geçmiş”

Arkadagly Serdar dowamat-dowam.

Ahal ýaýlasynda anbaryn seçmiş,

“Watan hakyndaky müdimi owaz” - diýip özüniň şahyrana setirlerini aýdyp geçdi.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösdürmek ugrynda alyp barýan, türkmen halkynyň hak howandarlary Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP