2024-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň hem-de Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Arkadag şäheriniň Köpugurly sport toplumynda “Sport – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýoly” atly sportuň dürli görnüşleri boýunça sport çäreleri geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda, adamlaryň ömrüni uzaltmakda, keselleriň öňüni almakda, lukmançylyk ylymlaryny ösdürmekde, jemgyýetimiziň aň-bilim binýadyny pugtalandyrmakda, ylymly-bilimli sagdyn nesli kemala getirmekde, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmekde alyp barýan işleri barada gürrüň edildi.
Şeýle hem çäräniň dowamynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Watanymyzyň röwşen geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesilleriň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler gurnaldy. Ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komiteti tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.
Oňa gatnaşanlar ýurdumyzy sagdyn jemgyýete öwürmekde alyp barýan işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.
TSTP