Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Zenan — ýokary ahlagyň nusgasy

“Zenan — ýokary ahlagyň nusgasy” diýen parasatly jümläni döreden halkymyz enelerimizi gözelligiň we ýaşaýşyň gözbaşy hasaplap, olara hemişe aýratyn gadyr goýupdyr. Türkmen jemgyýetinde gadymy döwürlerden bäri belent hormata mynasyp bolan gelin-gyzlarymyzyň keşbinde mähirlilik, ýürekdeşlik, wepadarlyk, parasatlylyk häsiýetleri gözellik bilen sazlaşykly utgaşýar. Halkymyzyň bu asylly däpleri umumadamzat ähmiýetli taslamalaryň we giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilýän zamanasynda mynasyp dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasaty esasynda mähriban enelerimize, gelin-gyzlarymyza hormat-sarpa barha artýar.

Häzirki döwürde Halkara zenanlar güni milli däp-dessurlarymyza laýyklykda ýurdumyzda giňden bellenilýär. Munuň özi zenanlarymyzyň döwletimiz tarapyndan uly üns-alada bilen gurşalýandygynyň güwäsidir. Jemgyýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan zenanlaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eýeleýän işjeň orny olaryň özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine goşýan goşantlarynda hem aýdyň görünýär.  Her ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly enelere hormatly atlaryň dakylmagy, gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy enelere goýulýan hormatyň dabaralanmasydyr.

5-nji martda ýokary ahlagyň nusgasy bolan, Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp 8-nji mart baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  mejlisler jaýynda işewür zenanlaryň  gatnaşmagynda “Ýurdumyz berkarar – zenanlar bagtyýar” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabarany  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň başlygy Setdar Setdarow açyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda türkmen zenanlaryna belent hormat-sarpa goýulmagyny, zenanlaryň dürli ulgamda zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşine öz mynasyp goşantlaryny goşmaklary,  Her ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly enelere hormatly atlaryň dakylmagy, gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy,  enelere goýulýan hormatyň dabaralanmagy  ýaly asylly däpleriniň üstünde durup geçdi. 

Çärä gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn syýasatyň netijesinde halkymyzyň abadan, bagtyýar we bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Durmuşa geçirilýän anyk çäreleriň çäklerinde ýurdumyzda her bir raýat, maşgala, ilkinji nobatda, köp çagaly maşgalalar üçin maddy ýeňillikleriň takyk ulgamy kemala getirildi.

Zenanlaryň kanuny bähbitlerini we hukuklaryny goramak jemgyýetiň durnukly ösüşiniň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Häzirki döwürde mähriban gelin-gyzlarymyz döwlet, häkimiýet, dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, ylym-bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda zähmet çekýärler, telekeçilik işini alyp barýarlar, jemgyýetçilik işi bilen meşgullanyp, Watanymyzyň gazanýan ägirt uly üstünliklerine öz goşantlaryny goşýarlar. Eneligi we çagalygy, maşgala gymmatlyklaryny goramak, zenanlarymyzyň hünär, döredijilik, aň-paýhas mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak baradaky alada ýurdumyzyň ösüş strategiýasynda ileri tutulýan ugurlaryň hataryna çykaryldy. Munuň şeýledigine bu ugurda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän anyk çäreler, eneleriň saglygynyň goralmagyna, çagalaryň kämil ösüşine gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy, köp çagaly maşgalalaryň durmuş taýdan goldanylmagy we beýlekiler aýdyň mysal bolup biler.

Watanymyza hem-de halkymyza wepaly, bilimli, sagdyn, ruhubelent ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekde zenanlarymyza aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzda perzendine bolan söýgüden we aladadan kalplary doly eneler belent hormata eýedir. Olar öz çagalarynda watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ýagşylyk, zähmetsöýerlik ýaly ýokary adamkärçilik häsiýetleri kemala getirýärler.

TSTP