Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Röwşen geljegiň aýdyň ýoly

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň guramagynda “Röwşen geljegiň aýdyň ýoly” atly maslahat geçirildi. Mälim bolşy ýaly, 22-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Maslahatlar merkezinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi taryhy ähmiýete eýe boldy. Mejlisde Gahryman Arkadagymyz maksatnamalaýyn çykyş edip, “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda” öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylmaly işler bilen bagly meselelere aýratyn ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň, döredijilik işgärleriniň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen maslahata aýratyn işjeňlik mahsus boldy. Onuň dowamynda çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde, şonuň ýaly-da, Garaşsyz Watanymyzy maksatnamalaýyn esasda ösdürmek boýunça 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda “Döwlet adam üçindir!”, “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ajaýyp ýörelgelerden ugur alyp her birimiz yhlasly zähmet çekmelidiris. Netijeli durmuş-ykdysady syýasaty üstünlikli amala aşyrmagyň ýurdumyzyň strategik maksatlary bolup durýandygyny nygtamak bilen, çykyş edenler hormatly Arkadagymyzyň Watanymyzy dünýäniň iň ösen döwletleriniň birine öwürmek baradaky ägirt uly işleriniň häzirki wagtda döwlet Baştutanymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändigini bellediler. Şeýle hem şu ýylyň beýik türkmen şahyrynyň ady hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp zehininden we pähim-paýhasyndan dörän “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgy bilen baglanyşykly şygarynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Munuň özi türkmen halkynyň beýik ogluna, onuň baý edebi mirasyna çuňňur hormat-sarpanyň aýdyň nyşanydyr. Bir söz bilen aýdanyňda, uly ruhubelentlige beslenen maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” möhümdigine aýratyn üns berildi. Öňde goýlan wezipeleriň durmuşa geçirilmegi eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmaga, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuşyny has-da gowulandyrmaga, ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmaga ýardam eder. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň gülläp ösmegi barada edýän ýadawsyz aladalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Hormatly Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we berk jan saglyk, uzak ömür, giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.

TSTP