Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy

    9-njy...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan milli saglygy goraýyş ulgamy Hormatly Prezidentimiz bilen täze belentliklere göterilýär
    12-nji...

Magtymguly Pyragy - dünýä edebiýatynyň altyn hazynasy

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda Bereket etrap Çeper halyçylyk kärhanasynyň mejlisler jaýynda “Magtymguly Pyragy - dünýä edebiýatynyň altyn hazynasy” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şan-şöhraty arşa göterildi. Beýik şahyryň eserleri umumyadamzat gymmatlylygy hökmünde ykrar edildi. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy”ýyly diýlip yglan edilmegi munuň aýdyň subutnamalarydyr. Akyldar şahyrymyzyň goşgularynyň dürli dillere terjime edilmegi bolsa,olary dünýä halklary tarapyndan söýlüp okalýan eserlere öwrüldi. Beýik akyldaryň doglan güniniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda bellenip geçiljek 300 ýyllyk dabarasynyň mysalynda türkmen halkynyň öz beýik ogluna goýýan hormatynyň çäksizdigine halkara jemgyýetçilik ýene bir ýola aýdyň göz ýetirer. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Arkadagly Serdar Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

TSTP