Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Watanymyzyň belent sepgitleri

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça giň gerimli özgertmeler barha rowaçlanýar. Şunuň netijesinde, ýagny, şu ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde guramagynda Garaşsyzlyk döwründe gazanan üstünliklerimizi berkidip, has-da belent sepgitlere ruhlandyrmak maksady bilen, ,,Ata Watanymyzy şöhratlandyrýan belent sepgitler,, atly maslahat geçirildi. Maslahatda, 2024-nji ýylda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek we işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak, Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny, sebitleriň senagatlaşma derejesini pugtalandyrmak, döwletiň maýa goýumlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak, ähli pudaklaryň we hyzmatlar ulgamynyň depginli ösüşini üpjün etmek, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, sanly ykdysadyýeti we “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, kiçi we orta telekeçiligiň işini giňeltmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, durmuş goraglylygyny, iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmek ýaly Watanymyzyň ösüş sepgitleri barada giňişleýin gürrüňler edildi. Şeýle-de, maslahatyň dowamynda, “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” tassyklanmagy, oňa laýyklykda, şu ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňe golaý täze iş orunlarynyň döredilmeginiň meýilleşdirilmegi, şeýle hem, ýurdumyzda işewürligi, kiçi hem-de orta telekeçiligi ösdürmek, bazar gatnaşyklaryna esaslanýan döwlet hususy hyzmatdaşlygy giňeltmek, döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak arkaly eýeçiligiň dürli görnüşlerini ösdürmek ýurdumyzyň uzak möhletleýin ösüş maksatnamalarynda ileri tutulýan wezipeler hakynda aýdylyp geçildi. Maslahatyň ahyrynda, maslahata gatnaşanlar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösdürmek ugrynda alyp barýan, türkmen halkynyň hak howandarlary Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP