Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mejlisler jaýynda “Belent maksatlar durnukly ösüşiň özenidir” atly maslahat geçirildi. Täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly ösüşleriň gazanylmagyna ajaýyp şertleri döredýän tutumly işler durmuşa geçirilýär. Bu işlerde Hormatly Prezidentimiziň halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalary bar. Döwletimiziň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlar hakyndaky aladany öz içine alýar. Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlar hakyndaky aladany öz içine alýar. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň maksatnamalaryny, wezipelerini, ýörelgelerini we esasy ugurlaryny kesgitleýän, ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmeginde hem-de olaryň kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmeginde döwlet goldawynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanuny munuň subutnamasydyr. Ata Watanmyzyň gülläp ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt bähbitli başlangyçlary rowaçlyklara beslensin!
TSTP