2024-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti, Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirligi bilen bilelikde guramagynda Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna peşgeş beren “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabarada Berkarar Watanymyzda ýaşlaryň bagtyýar durmuşy ugrunda edilýän tagallalar, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçen şanly ýylyň taryhy we ýatda galyjy wakalary dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Bellenilişi ýaly, dabaranyň dowamynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýaşlar baradaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülenligi we ýurdumyzda giň dünýägaraýyşly, döwrebap ylymly, bilimli, dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan ýaşlaryň kemala gelmegi üçin ajaýyp şertleriň döredilýändigi, bu zatlar ýaşlar hakdaky aladalardan gözbaş alýanlygy hakynda giňişleýin belläp geçdiler. Şeýle hem, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly kitabynyň mähriban halkymyz tarapyndan mähirli garşylanandygy, ýaşlarymyzyň ýan kitabyna öwrülendigi baradaky täsirli çykyşlar edildi. Dabara ýurdumyzy ösdürmek ugrunda alyp barýan döwletli işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri bilen jemlendi.
TSTP