Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy

    9-njy...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan milli saglygy goraýyş ulgamy Hormatly Prezidentimiz bilen täze belentliklere göterilýär
    12-nji...

Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda Bereket etrabynyň tikinçilik fabriginiň mejlisler jaýynda Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna peşgeş beren “Ýaşlar – Watanyň daýanjy”  atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. 

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ilkinji günlerinde Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar –Watanyň daýanjy”  atly kitabynyň ýüze sylynmagy ýylyň iň şanly wakalarynyň birine öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilkinji kitabynyň Gahryman Arkadagymyza sowgat berilmegi bütin türkmen halkyny, hususan-da türkmen ýaşlaryny örän begendirdi, buýsandyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz öz kitabynyň “Ýaşlygyň we ýeňişligiň ýoly” atly, “Sanly dünýä: Ýaşlar. Ösüş. Geljek” atly bölümlerinde ýurdumyzyň geljegi, ähli babatlarda garaşylmaly üstünliklerimiz üçin esasan ýaşlara uly ynam bildirýänligini belleýär.

Türkmen halkyna aýratynam ýaşlara şeýle ajaýyp sowgady peşgeş beren Arkadagly Gahryman  Serdarymyza alkyşlary çäksizdir. Halkyň abadançylygyny, bagtyýarlygyny wasp edýän kitaplarynyň höwri köp bolsun! 

Täsirli geçen dabarada Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

TSTP