Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDENTERBIÝE WE SPORT JEMGYÝETIŇ SAGDYNLYGYNY ÜPJÜN EDÝÄN GYMMATLYKDYR

    Şu...

  • ZENANLAR ÝAŞAÝYŞYŇ GÖZELLIGI

    Ýakynda...

  • WATANYMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA BELENDE GALÝAR

    Ýakynda...

  • IŞEWÜRLERIŇ ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GOŞANDY

    Şu gün...

  • BEÝIK IŞLER HALKARA DEREJEDE ULY ÄHMIÝETE EÝE BOLÝAR

    Şu gün...

Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda welaýat kitaphanasynyň mejlisler jaýynda Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna peşgeş beren “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynyň çapdan çykmagy biziň her birimiz üçin bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp sowgat boldy. Şol bir wagtyň özünde-de ol türkmen ýaşlaryny, bütin halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrdy we taryhy wakalaryň üstüni ýetirdi. Merdana halkymyzda aýratyn-da, bagtyýar ýaşlarymyzda çuňňur hoşallyk duýgularyny döretdi. Döwlet Baştutanymyzyň täze eseri ýaşlara bildirilen belent ynamyň miwesidir. Kitabyň adyndanam belli bolşy ýaly, täze taryhy eýýamda bedew bady bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda her bir işde ýaşlara daýanylýar. 

Ýurdumyzyň gülläp ösmegi, zähmetsöýer halkmyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy barada uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!

TSTP