Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda «Täze Galkynyş döwründe Magtymguly Pyragy!» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatyň başynda oňa gatnaşanlar beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýaşynyň 300 ýyllyk baýramçylygy bilen hem-de 2024-nji ýylyň “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar. Maslahatyň dowamynda onda çykyş edenler türkmen halky asyrlarboýy akyldar şahyrynyň şygyrlaryndan güýç alyp, il agzybirligini, göwün giňligini, mähir ýylysyny, geljege umyt-arzuwlaryny pugtalandyryp gelýändigini, häzirki döwürde hem her türkmen öýünde Magtymguly Pyragynyň şygyr goşgulary okalýandygyny, ýaş nesillere şol şirin dilli şygyrlaryň öwüt-ündewleri bilen terbiýe berilýändigini belläp geçdiler. Şeýle hem, Şahyryň şygryýet gorynyň deňsiz-taýsyz hazynadygy we olarda türkmen halkynyň şol döwürdäki syýasy-ykdysady durmuşy, umyt-arzuwlary hem-de akyldar şahyryň geljege-geçmişe nukdaýnazarynyň ussatlarça açylyp görkezilýändigi barada hem-de beýik söz ussadynyň paýhasly pikirleri diňe türkmen halkyna däl, tutuş adamzada hyzmat etmegiň nusgalyk mekdebi, ýolgörkeziji şamçyragy bolup durýandygy dogrusynda gürrüň etdiler. Maslahatyň soňunda oňa gatnaşanlar Bagtyýar türkmen halkynyň ýürek sesini duýup, arzuwlaryny hasyl edýän hem-de ägirt uly başlangyçlary bilen il-ýurduň abraý-mertebesini arşa göterýän hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleri elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP