Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK – BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Golaýda...

  • WATANYMYZYŇ PARAHATÇYLYK DÖREDIJILIK KUWWATY ARTÝAR

    Şu gün...

  • TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIGIŇ WE DOST-DOGANLYGYŇ MEKANY

    Arkadag...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – MÜDIMI ABADANÇYLYK

    Şu gün...

  • DOST-DOGANLYK - PARAHATÇYLYGYŇ WE GÜLLÄP ÖSÜŞIŇ NUSGALYK ÝOLY

    Şu gün...

Ýaşlar Watanmyzyň kuwwaty hem geljegi

2024-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda Bereket etrabyndaky “Nurly meýdan” hojalyk jemgyýetinde Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek we olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmak barada berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmek we Gahryman Arkadagymyzyň berýän öwüt-ündewlerini durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen “Ýaşlar Watanmyzyň kuwwaty hem geljegi” atly wagyz nesihat çäresi geçirildi. Çäräniň başynda oňa gatnaşanlar Mähriban Prezidentimiziň beden we ruhy taýdan sagdyn, ylymly-bilimli, giň dünýä garaýyşly ýaş nesli ösdürip kemala getirmek ugrundaky aladalary döwlet syýasatynyň möhüm ugrydygy hakynda belläp geçdiler. Şeýle hem, ýurdumyzda olaryň okamaklary, dünýä derejesinde bilim alyp hünär öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigi, ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek, sagdyn, berk bedenli, ruhubelent, watansöýiji kämil nesilleri kemala getirmek işlerine uly ähmiýet berilýändigi dogrusynda gürrüň etdiler. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaşlaryň dünýä ülňelerine laýyk gelýän ajaýyp şertlerde işläp zähmet çekmekleri üçin şular ýaly giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsunlaryny aýtdylar.

TSTP