Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy

    9-njy...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan milli saglygy goraýyş ulgamy Hormatly Prezidentimiz bilen täze belentliklere göterilýär
    12-nji...

Röwşen ykbally Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar!

2023-nji ýylyň dekabr aýynyň 27-ne Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň guramagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Balkan welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda “Röwşen ykbally Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar!” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylymyzda Hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän we badalga berýän iri möçberli tutumly işleriň düýp özeninde ýurdumyzyň ertirki eýeleri bolan ýaş nesilleriň aladasy durýar. Mähriban Prezidentimiziň beden we ruhy taýdan sagdyn, ylymly-bilimli, giň dünýä garaýyşly ýaş nesli ösdürip kemala getirmek ugrundaky aladalary döwlet syýasatynyň möhüm ugurlaryň biridir. Ýurdumyzda olaryň okamaklary dünýä derejesinde bilim alyp hünär öwrenmeklik üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Çärä gatnaşyjylar Mähriban Prezidentimiziň dünýäni haýrana goýýan ajaýyp işleriniň has-da rowaçlanmagyny, beýik-beýik işleriň dowamat-dowam bolmagyny arzuw etdiler. Goý, mähriban Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolup, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn!

TSTP