Asuda-parahat diýarymyza täze, 2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň gelmegi bilen, ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän “Mizemez gadam” hususy kärhanasy tarapyndan düýbi tutulan, Glisirrizin turşusyny öndürýän kärhanasynyň tamamlanyp barýan gurluşyk desgasynda zähmet çekýän partiýa agzalary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň işgärleri, “Mizemez gadam” hususy kärhanasynyň gurluşyk desgasynda zähmet çekýän partiýa agzalarynyň “armasyny ýetirdiler” we olaryň alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşdylar. Saglyk ulgamynda giňden ulanylýan Glisirizin turşusyny öndüriji kärhananyň Merkezi Aziýa sebiti boýunça deňi-taýy bolmadyk bu zawodyň geljekde ýurdumyzyň bu ugurdaky ösüşine saldamly goşandyny goşjaklygy barada buýsançly gürrüňler edildi. Duşuşyga gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza halal zähmet çekmek, bol-elin durmuşda ýaşamak üçin döredip beren mümkinçilikleri üçin hoşallyk we alkyş sözlerini aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP