Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDENTERBIÝE WE SPORT JEMGYÝETIŇ SAGDYNLYGYNY ÜPJÜN EDÝÄN GYMMATLYKDYR

    Şu...

  • ZENANLAR ÝAŞAÝYŞYŇ GÖZELLIGI

    Ýakynda...

  • WATANYMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA BELENDE GALÝAR

    Ýakynda...

  • IŞEWÜRLERIŇ ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GOŞANDY

    Şu gün...

  • BEÝIK IŞLER HALKARA DEREJEDE ULY ÄHMIÝETE EÝE BOLÝAR

    Şu gün...

Magtymguly Pyragy edebiýatyň göwher täji

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Çeper halyçylyk kärhanasynyň mejlisler jaýynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymguly Pyragy – edebiýatyň göwher täji” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän we badalga berilýän iri möçberli tutumly işleriň düýp özeninde ýurdumyzyň ertirki eýeleri bolan ýaş nesilleriň aladasy durýar. Türkmen halky ähli döwürlerde hem sagdyn, berk bedenli, ruhubelent, watansöýüji, kämil nesilleri kemala getirmeklige aýratyn ähmiýet beripdir. Biz muny Magtymguly Pyragynyň nesil terbiýesi bilen baglanşykly şahyrana şygyrlarynyň mysalynda hem aýdyň görýäris. 

Halkymyz 2024-nji ýylda belleniljek beýik akyldarymyzyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuna şu günki günlerde taýýarlyk görýärler. Biz hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň agzybir işgärleri bolup giňden belleniljek toýa öz saldamly goşandymyzy goşarys. Agzybir halkyny röwşen geljege alyp barýan Gahryman  Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

TSTP