Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasaty – Watanymyzyň okgunly ösüşiniň kepili

Şu ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň edara binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Aşgabat şäher Halk Maslahatynyň bilelikde gurnamagynda “Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasaty – Watanymyzyň okgunly ösüşiniň kepili” atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatyň başynda oňa gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow azyk senagaty pudagyny ösdürmek hem-de ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýandygy, täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, oba hojalyk düzümleri üçin bäsdeşlik gurşawyny döretmek, ýer-suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, oba hojalyk ylmyny, hususan-da, tohumçylygy ösdürmek, täzeçil usullary, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary giňden ornaşdyrmak, durmuş meseleleriniň oňyn çözülmegi obasenagat toplumyndaky giň möçberli özgertmeleriň möhüm ugurlarydyr diýip belläp geçdiler. Şeýle hem, çykyş edenler hususy önüm öndürijiler oba hojalyk pudagyny özgertmäge saldamly goşant goşmak bilen, hojalygy ýöretmegiň innowasion usullaryny ulanýandyklary, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, suwarymly ýerleri özleşdirmegiň, şol ýerlerde goşmaça oba hojalyk ekinlerini ekmegiň hem-de ýylyň dowamynda gök önümleri ýetişdirmäge mümkinçilik berýän ýyladyşhana hojalyklaryny döretmegiň hasabyna ekinleriň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmekleri içerki bazarlary zerur önümler bilen üpjün etmäge, daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berýär diýip uly buýsanç bilen gürrüň etdiler. Maslahatyň dowamynda türkmen milli sungatyndan dörän ýakymly sazlar we ajaýyp zamanamyzy wasp etýän aýdymlar ýerine ýetirildi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlara halkymyza ajaýyp zamanamyzy döredip beren Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdyp olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

TSTP