Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

ÖNÜM BOLÇULYGY — HALKYŇ RYSGALY

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 4-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Mejlisde ýurdumyzyň söwda we dokma pudaklarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berlende, bu döwürde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgininiň 172,5 göterime deň bolandygy bellenildi. Bu ýokary görkeziji hususy eýeçiligiň oba hojalygynyň ösüş-özgerişlerinde tutýan mynasyp ornuny, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň gazanylmagynda türkmen telekeçileriniň uly goşandynyň bardygyny alamatlandyrýar. Obasenagat toplumy milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolup, soň¬ky ýyllarda bu pudagyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň hususy önüm öndürijilere yzygiderli berýän goldaw-hemaýatynyň, kiçi we orta işewürligiň netijeli işlemegi üçin döredilýän ähli şertleriň netijesinde oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberi barha artýar. Hususy eýeçilikde daýhan hojalyklarynyň döredilmegi, dünýäniň öň¬debaryjy tehnologiýalary ornaşdyrylan döwrebap ýyladyşhanalaryň, sowadyjy ammarlaryň gurulmagy, sanly ulgamyň, öňdebaryjy tejribeleriň önümçilige ornaşdyrylmagy, önümçilikleriň tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde telekeçiler oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirip, olardan bol hasyl alýarlar. Munuň özi içerki önümçiligi ýokarlandyryp, eksportyň mümkinçiliklerini has-da artdyrýar. Türkmen güneşiniň çogy si¬ňen, ekologik taýdan arassa, ynsan saglygy üçin peýdaly dürli witaminlere baý, datly önümlere daşarky bazarda hem isleg uly. Ýurdumyzda hereket edýän «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde eksporta niýetlenen önümleri öndürýän işewürlere ýer bölekleri, karz serişdeleri bölünip berilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» eksporta iberilýän oba hojalyk we azyk önümleriniň görnüşlerini köpeltmek, möçberlerini artdyrmak barada anyk wezipeler kesgitlenildi. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň «Açyk gapylar» syýasaty netijesinde türkmen işewürleri baglaşylan şertnamalar esasynda öz önümlerini dünýäniň onlarça döwletine yzygiderli eksport edýärler. Eksporta iberilýän azyk önümleriniň agramly bölegini hem türkmen topragynyň datly miweleri we gök-bakja önümleri tutýar. Bu asylly işlerde dürli miweli baglary ösdürip ýetişdirýän «Erkin gurluşyk», «Parahat» hususy kärhanalarynyň, «Lezzetli miwe», «Miweli oba» hojalyk jemgyýetleriniň, gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirýän «Parasatly daýhan» daýhan hojalygynyň we başga-da onlarça telekeçileriň uly goşandy bar. Gündelik durmuşymyzda zerur bolan esasy azyk önümleriniň hatarynda ösümlik ýagyny öndürmek işlerinde-de işewürler ýokary işjeňlik görkezýärler. «Gündogar akymy», «Owadan ülke», «Berkarar zaman» hojalyk jemgyýetleriniň öndürýän günebakar, pagta we beýleki ösümlik ýaglary ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli bolup, di¬ňe bir içerki bazarda däl, eýsem, ýurdumyzyň daşynda-da uly islege eýe. Oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirýän telekeçiler ýurdumyzda uludan bellenilýän Hasyl toýuny hem mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylaýarlar. Olaryň datly önümleri rysgal-berekediň hem bolçulygyň baýramy mynasybetli ýazyljak toý saçaklaryny öň¬küden-de baýlaşdyrar. Hormatly Prezidentimiz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň şanly wakalarynyň biri bolan Türkmenistanyň Döwlet Maslahatynda eden taryhy çykyşynda häzirki wagtda kiçi hem-de orta telekeçiligiň sazlaşykly we netijeli ösmegi, hususy başlangyçlaryň goldanylmagy üçin has amatly hukuk, ykdysady, maliýe, durmuş şertleriniň döredilýändigini aýratyn nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň: «Ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, azyk bolçulygyny döretmek, senagat kärhanalaryny, häzirki zaman söwda merkezlerini, döwrebap obalary gurmak boýunça öňümizde goýan wezipelerimizi amala aşyrmakda hususy pudaga uly orun degişlidir» diýip, ýokary baha bermegi hususy pudagyň wekillerini täze üstünliklere ruhlandyrýar. Bäsdeşlige ukyply täze, innowasion önümçilikleri döretmekde, senagat önümlerimiz, şeýle-de brend markaly harytlar bilen ýurdumyzyň sebit we dünýä bazaryndaky ornuny yzygiderli pugtalandyrmakda, täze bazarlara ýol açmakda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary hem ýokary işjeň¬lik görkezip, ak ýürekli zähmet çekýärler. Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, ösüş biziň alyp barýan syýasatymyzyň baş maksadydyr. Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşli ýoly geljege rowan bolsun!

Saparmyrat OWGANOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty.