Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

Türkmen toý toýlaýar goşa-goşadan

    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe goşalanyp gelýän toý- baýramlarymyzyň şany dünýä dolýar. Asly halal milletimiz ähli döwürlerde-de asudalyga, ýurt abadançylygyna uly sarpa goýupdyr. Öz durmuşy we dürdäne döredijiligi bilen ýaşap geçen döwrüniň nogsanlyklaryna, gapma-garşylyklaryna garşy özboluşly göreş alyp baran, türkmen halkynyň bütewi bir döwlet gurup ýaşamagyny arzuw eden, şol döwleti 

    Gurdugym, aslynda, bilgil, bu zeminiň myhydyr, 

    Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy 

diýip hyýalynda berkarar eden, Gündogaryň beýik akyldary hem-de nusgawy şahyry, özüniň dürdäne eserleri, pelsepewi pikirleri, döwlet, jemgyýet, adamzat gatnaşyklary baradaky düýpli garaýyşlary bilen dünýä edebiýatynda görnükli orun tutan, umumadamzat medeniýetiniň ösüşlerine mynasyp goşant goşan Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynyň berkararlygyny bu gün bütin dünýä görýär. Ildeşlerimiziň ulusy-kiçisi şeýle beýik şahyrynyň bardygyna buýsanýar, onuň dürli milletleriň dilinde dogaýy sena öwrülip gaýtalanýan şygyrlaryny okaýar, olary aýdyma öwrüp ýaşaýar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen akyldar şahyryň eserleriniň dünýä halklarynyň dillerine terjime edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirilýändigine guwanýar. 

    Ýurt berkararlygy, halkyň bagtyýarlygy, agzybirligi baradaky düýpli pelsepewi pikirlerini şygyrlaryna siňdiren akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň Medeniýet we sungat işgärleriniň  gününiň goşa toý edilmeginiň aňyrsynda çuňňur many-mazmun bar. Bu, ilkinji nobatda,  türkmeniň taryhy şahsyýetlerine goýýan belent sarpasyny tutuş dünýä ýaýýar. Ikinjiden bolsa, ynsanperwer türkmen döwletinde adam gymmatlyklaryna, döwürdeşlerimiziň öz taryhy şahsyýetlerine, dünýä edebiýatynda hiç haçan gadyry gaçmajak şygyrlaryny miras goýan beýik şahyrymyz Magtymguly Pyraga goýulýan synmaz sarpany aňladýar. 

    Milli Liderimiziň başlangyjy bilen, özgerýän  gülleỳän, gül açỳan gözel Watanymyzda il-ulsymyzyň diňe bir ỳaşaỳyş-durmuş şertleri gowulanman, eỳsem halkymyz ruhy galkynyşlary-da başdan geçirỳär. Daşary ỳurtlar bilen syỳasy, ykdysady hyzmatdaşlyklar bilen bir hatarda, medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegi bolsa türkmeniň gadymy medeniỳetini dünỳä tanadýar.

    Ỳurdumyzda häzirki zamanyň talaplaryna doly laỳyk gelỳän medeniỳet ojaklarynyň gurluşygyna giň gerim berilmegi, olarda döwrebap tilsimatlaryň oturdylmagy, täze teatrlaryň, kino-konsert jaỳlarynyň gurlup döwrebaplaşdyrylmagy Hormatly Prezidentimizň bu ulgama berỳän uly ünsüniň, ony ösdürmek baradaky taỳsyz tagallalarynyň diňe bir ülşüdir.

    Goý, Arkadagymyzyň saýasynda gülleýän, gül açýan jan, Watanymyz Türkmenistanda toýlar-toýa ulaşsyn!

    Goý, il-ulsumyzyň ruhuna bagtyýarlyk bagyşlaýan toý-baýramlarymyzy goşalandyrýan, bizi ösüşleriň ýoly bilen täze belentliklere alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt, bähbitli işleri mundan beýläkde rowaç bolsun!

Aýna Saryýewa, TSTP-nyň Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiriniň orunbasary