Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň kanun çykaryjylyk ulgamynyň işini dünýä tejribesini nazara almak bilen kämilleşdirmek ösüş-özgerişli döwrümiziň wajyp talaby bolup öňe çykýar. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiz 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde Garaşsyz döwletimiziň konstitusion gurluşyny pugtalandyrmaga, döwleti dolandyrmagyň esaslaryny kämilleşdirmäge gönükdirilen konstitusion özgertmeleri öňe sürüp, Halk Maslahatynyň we Mejlisiň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirmegiň we iki palataly ulgama geçmegiň zerurlygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiziň bu teklibi jemgyýetimizde gyzyklanma döredip, uly goldawa eýe boldy. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly işler giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Konstitusion toparyň mejlislerinde syýasy partiýalardan, jemgyýetçilik birleşiklerinden, raýatlardan gelip gowşan teklipleri öwrenmekde we umumylaşdyrmakda geçirilen işlere garaldy. Şu ýylyň 29-njy ýanwarynda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen Konstitusion toparyň 4-nji mejlisinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň taslamasyna garaldy. Üstümizdäki ýylyň fewralynda bu taslama metbugatda çap edilip, halk köpçüligine ara alyp maslahatlaşmaga hödürlendi. Ýurdumyzda amala aşyrylan konstitusion özgertmeleri ilata düşündirmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň işgärleri-de işjeň agzalarynyň kömek-goldawyna daýanyp, wagyz-nesihat işlerini talabalaýyk alyp bardy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine hödürlenjek Konstitusion kanunyň taslamasynda Milli Geňeşiň düzümi, esasy hukuklary, borçlary, ygtyýarlyklary, şeýle hem Halk Maslahatynyň agzalaryny saýlamagyň tertibi we beýleki kadalar öz beýanyny tapýar. Durmuşa geçirilýän konstitusion özgertmeleriň maksady demokratik, hukuk döwletimiziň esaslaryny pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Arkadag Prezidentimiziň iki palataly parlament ulgamyna geçmek baradaky başlangyjy syýasy-hukuk özgertmeleriň täze tapgyryny alamatlandyrýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi ösüş-özgerişleriň ýoly bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!
Myratgeldi Annaöwezow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary.