Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

Ene (Liriki oýlanma)

“Ene” – göräýmäge üç harpdan ybarat ýönekeýje söz. Emma bu ýönekeýje sözde dünýäniň barlygy jemlenipdir. Ene –dörediji, ýaradyjy. Döretmek, ýaratmak bolsa diňe hudaýa mahsus alamatdyr. Ganyndan gan, janyndan jan berip, ýokdan bar edip, on iki synasy ýerbe-ýer, akylly-huşly ynsany dünýä getirip bilýän Zenan biziň ýerdäki Hudaýymyz dälmi eýsem?! Eneler bolmasa dünýäniň ujy synyp, ýaşaýyş gutarmazmy? Enäniň gujagyna duwlanyp, ak süýdi bilen gursagyndan syzylyp çykýan mähir-muhabbetden ganan ynsanyň durmuşdaky ornuna garamazdan, ýüreginiň töründe ýylylyk, mähirlilik, rehimlilik ýaly mylaýym duýgular bardyr. 

Alla tagalla üleşikde zenanlara durmuşyň has agramly, jogapkärli, we muşakgatly bölegini beripdir. Olara öýüň ojagyny ynanypdyr. Maşgalany bir supranyň daşynda jebis saklamak aýal maşgalanyň gerdenine düşýär. Üns berseňiz ýaňy ýörjen-ýörjen bolup, dil çykaryp ugran gyzjagazyň elinde eýýäm gurjagy bardyr. Ol gurjagyny elinden goýmaz, iýdirer, içirer, ýatyrar. Bu häsiýet olara How eneden gan bilen, ene süýdi bilen nesilme-nesil geçip gelýän mirasdyr.

Arada Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýaşaýan agzybir maşgalalarynyň birinde ekiz doganlar, mekdep okuwçylary  Mähri-Wepanyň çagaka “Aýaz baba” ýazan hatlaryna duş geldim. Çagalar aýaz babanyň gelýän döwründe öz isleg arzuwlaryny kagyza geçirip, arçanyň aşagyna goýýardylar, çagalaryň ejesi bolsa “Göze görünmeýän Aýazbaba” bolup olaryň isleglerini berjaý edýärdi. Wepajyk öz hatynda Aýaz babadan: reňkli galam, suratlary reňklenilýän kitap we pökgi sorapdyr. Mährijigiň hatynda bolsa şu sözler bar:  “Aýaz baba, maňa reňkli galam, ejem bilen kakama bolsa dünýädäki iň gowy zatlary sowgat et! Olara iň gowy zatlary sowgat etseň maňa reňkli galam hem gerek däl....” 

Hat ýazanlar ekizler, ikisi-de bir günde doglup, bir öýde terbiýelenýän çagalar. Tapawudy biri ogul, biri gyz çaga. Şu ýerde gyzjagazyň hatyna üns beriň. Ol heniz çagalygyna garamazdan ýakynlarynyň aladasyny edýär. Onuň çepiksizje göwrejiginde eýýäm mähirden doly ullakan ýürek bar. Ol ýürek “Mähribanlarym” diýip urýan naçaryň ýüregi, ol ýürek ene ýüregi. Ol eýýäm mähribanlary üçin özüni pida etmäge taýýar. Bu häsiýet diňe zenana mahsusdyr...

Naçar erkek adam ýaly däl.. Ol mähirlidir, mähribandyr, wepalydyr, ýüregi näzikdir, örki ojagyna baglanandyr. Işden ýadap geleniňde öňüňden ilkinji ylgap çykýan gyzjagazyňdyr. Öňüňde saçak ýazyp, göwnüňi tapmak, üçin kökenek bolýan, näsaglan çagyň aladaňy edip, daşyňda perwana bolýan ýene-de naçaryňdyr, aýalyňdyr, eneňdir. 

Biz bolsa... barha arkan gaýyşarys. Käwagt “Däli Domrula” öwrülip, her zatdan bahana arap, näzlilerimiziň göwnüne-de degýäris. Olary ýersiz-ýere ynjytýarys. Durmuşyň hysyrdylary bilen ünsden düşürýän wagtymyzam az bolanok. Naçar nädýär? Ol aglaýar. Aglaýar-da, bizi ýene-de bir gezek bagyşlaýar. Çünki olar bizden beýikdir. Bagyşlap bilmeklik bolsa beýikligiň nyşanydyr. 

Gadymyýetden biziň günlerimizide çenli; “Enäniň eli – em, dili – melhem”, Ene haky – Taňry haky”, “Ene – käbe, ata – kybla” ýaly nakyllar gelip ýetipdir. Pygamberimiz Muhammet aleýhysalam hem “Jennet eneleriň aýagynyň astyndadyr” – diýip enäniň öňünde dyza çöküpdir. 

Şonuň üçin hem, özüne juda göwni ýetýän, “Men-Men” diýip “döşüne kakyp ýören gerçekler”! Geliň, naçarlarymyzyň göwnüne degmäliň, olary ynjytmalyň! Gyz çagalarymyza oglan çaga garanda has artykmaç üns bereliň! Sebäbi olaryň göwni näzikdir. Sebäbi olaryň göwni ýarymdyr. Sebäbi olar öýümiziň myhmanydyr. Bu günki gyzjagazlar ertirki enelerimizdir. Ene bolsa, keramatdyr, dowamatdyr, dowamdyr!!!Zynhar degmäň naçarlaryň göwnüne,

Naçaryň ýüregi näzikdir gülden.

Zynhar degmäň eneleriň göwnüne,

Enäniň ýüregi çogludyr günden.

 

Eneler ah çekse endirär toprak,

Hasraty ereder gara daglary,

Kesewi gögerip, çykarar ýaprak,

Eneler ýylgyryp bakan çaglary.

Goý, mydama gyzlarymyzyň, gelinlerimiziň, enelerimiziň, ýüzleri bahar bägülleri ýaly gülüp dursun!

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary M.Nowruzow.