Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

Tehnologik ösüş we bazar gatnaşyklary

16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň alyp barýan işlerine-de seredildi. Eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan, bolelin, eşretli durmuşyna gönükdirilen beýik işleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna partiýamyzyň agzalary-da işjeň gatnaşýarlar. Halk Maslahatynyň mejlisleriniň taryhy ähmiýetli çözgütleri, milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň maksatlary we wezipeleri barada düşündiriş işleri geçirilýär. Iş maslahatynda hem aýdylyşy ýaly, partiýamyzyň wekilleri ilat bilen duşuşyklary, söhbetdeşlikleri we beýleki çäreleri yzygiderli guraýarlar. Döwlet Baştutanymyz Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň işiniň esasy ugurlary barada aýdyp, tehnologik ösüş we bazar gatnaşyklary döwründe ýaşlaryň giň toparyny telekeçilik işine çekmekde işleriň alnyp barylmalydygyny belledi. Ýurdumyzda telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen bilelikde teklipleri taýýarlamaga işjeň gatnaşmagy tabşyrdy. Şeýle-de milli Liderimiz hususy telekeçiligi ösdürmek babatda alnyp barylýan döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge, telekeçiligi goldamak boýunça döwlet maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanmagyna we amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşmagyň esasy wezipeleriň hataryndadygyny belledi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň işgärleridir işjeň agzalary hem döwlet Baştutanymyzyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň esasy wezipeleriniň halkymyzyň we ýurdumyzyň bähbitlerine amala aşyrylýan maksatnamalary we özgertmeleri syýasy taýdan goldamakdan, merdana halkymyzy döredijilikli işlemäge ruhlandyrmakdan, jemgyýetde agzybirligi we jebisligi pugtalandyrmakdan ybaratdygy hakynda aýdanlaryndan ugur alyp işleýärler. Welaýatymyzyň hususyýetçileri harytlaryň we önümleriň bolçulygyny döretmäge özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Gurluşyk-gurnama işlerini giň gerimde alyp barýarlar. Welaýatymyzyň telekeçileri 99 ýyla çenli möhlet bilen ýer alyp, ondan oba hojalyk önümleriniň, şol sanda pagtanyň, dänäniň, gant şugundyrynyň we beýleki ekinleriň bol hasylyny almakda uly tagallalary edýärler. Bu işlerde telekeçilerimize ähli zerur şertler döredilýär. Bize şeýle giň mümkinçilikleri döredýän milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Myratgeldi Annaöwezow