Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň biri-birine ulaşýan belent tutumlaryň üstüni ýetirdi. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly baştutanlygynda agzybir türkmen halkynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asyrlarboýy eden arzuwlaryna, belent sepgitlerine ýetýändiginiň, türkmen halkynyň agzybirliginiň, jebisliginiň barha berkäp, täze taryhy döwürde ýurdumyzy gülledip ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän işleriniň has-da rowaçlanýandygynyň, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň abraý-mertebesiniň dünýä ýüzünde beýgelýändiginiň güwäsidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini çuňňur many-mazmuny eýe boldy. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy mejlisde eden çykyşlarynda ýurdumyzy mundan beýläk-de ähli taraplaýyn ösdürmekde badalga berlen özgertmeleri durmuşa geçirmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda öňde durýan wezipeler öz beýanyny tapdy. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň maksatnamalaýyn çykyşlarynyň çuňňur mazmunundan aýdyň görnüşi ýaly, täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň hem-de döwletiniň durmuşynda şu günki we geljekki nesilleriň bagtyýarlygyna, abadançylygyna gönükdirilen düýpli özgertmeler üstünliklere beslenýär. Berkarar Watanymyz halk hojalygynyň ähli pudaklarynda güýçli depginler bilen ösüp, bedew bady bilen öňe barýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň depginli ösüşini pugtalandyrmak maksady bilen, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi özüniň oňyn netijelerini berýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen obadyr şäherçeleriň, medeni-durmuş, önümçilik maksatly birnäçe binalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirlendir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ahyryna çenli «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» esasynda ýurdumyzy ösdürmek boýunça özleşdiriljek düýpli maýa goýumlaryň möçberi 41 milliard 200 million manada ýeter. Munuň özi önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalardyr, ähli amatlyklar döredilen döwrebap ýaşaýyş jaýlarydyr, bilim-terbiýe ojaklarydyr, saglygy goraýyş edaralardyr alnyp barylýan şunuň ýaly tutumly işler halkymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda azotly dökünleri öndürýän täze döwrebap toplumy, Balkan welaýatynyň «Balkanabat» ýod zawodynda tehniki ýod we brom hem-de tehniki uglerod öndürýän täze önümçilik desgalaryny, «Guwlyduz» kärhanasynda dürli görnüşli duzlary öndürýän önümhanany gurmak meýilleşdirilip ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen taslamalaryň biridir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji, berkarar we durnukly ösüş ýolundaky uly ädimleriň batly belentligini ýene bir gezek bütin dünýä aýdyň görkezdi. Halkymyzyň bagtyýar geljeginiň hatyrasyna umumadamzat bähbitli işleri durmuşa geçirýän, türkmeniň döwletlilik ýörelgesini mynasyp dowam etdirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Gülsoltan ALLAGULYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.