Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

DÖWLETLI GEŇEŞE RUHUBELENTLIK BILEN

Bagtyýar halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine uly ruhubelentlik bilen garaşýar. Çünki bu iri syýasy-jemgyýetçilik forumy ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň we ulgamlarynyň geljekki ösüş ugurlaryny kesgitlemekde, raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşy bilen bagly okgunly özgertmeleri dowam etdirmekde aýratyn ähmiýete eýedir.

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän ýokary derejedäki taýýarlyk işleri bolsa eziz Watanymyzyň beýik geljegine, halkymyzyň bagtyýar durmuşyna, agzybirlik we parahatçylyk ýolundaky tutumly özgertmeleriň dowamyna ynamyň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň halk bilen häkimiýetiň sazlaşykly işlemegini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirýän özgertmeleri bolsa bizi has-da tutanýerli zähmete ruhlandyrýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkymyzyň bähbitlerini goraýan ýokary wekilçilikli edara bolup, bu milli forumyň her ýyl geçirilýän mejlisleri milli türkmen demokratiýasynyň, halk häkimiýetiniň aýdyň dabaralanmasydyr. Çünki bu mejlislerde halkymyzyň geljegi, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar, olar ilik-düwme öwrenilýär we oňyn çözgütler kabul edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, biziň welaýatymyzda hem toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ilat arasynda uly abraýdan peýdalanýan, welaýatymyzyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýan wekilleriň, göreldeli zähmeti bilen tapawutlaýan raýatlarymyzyň, işjeň ýaşlaryň 300-den gowragy bu foruma gatnaşmak üçin hödürlenildi. Forumyň işine taýýarlyk görmegiň çäklerinde ýerli halk maslahatlarynyň agzalarynyň pikirleri diňlenilýär, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan kömek berilýär.

Watandaşlarymyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekde welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň raýatlar toparlary bilen geçirýän duşuşyklary, maslahatlary aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki şeýle çärelerde edilýän çykyşlarda öňde boljak ählihalk forumyna hödürleniljek meseleler, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn gülledip ösdürmek boýunça ildeşlerimizden gelip gowuşýan teklipler, ýüztutmalar ara alnyp maslahatlaşylýar, olar dogrusynda pikir alşylýar. Bu işler jemgyýetimiziň agzybirligini pugtalandyryp, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna dahylly meseleler boýunça taryhy çözgütleri kabul etmäge ýardam edýär. Geçirilýän çärelerde çykyş edýän ildeşlerimiz bu döwletli maslahatyň ýurdumyzda demokratik özgertmeleriň täze tapgyryny alamatlandyrjakdygyna, mejlisde serediljek meseleleriň eziz Watanymyzyň geljekki ösüşlerine badalga boljakdygyna uly ynam bildirýärler. Çünki Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde kabul edilýän çözgütler halkymyzyň isleg-arzuwlaryny, ýurdumyzyň uzakmöhletleýin ösüş maksatlaryny hem-de milli bähbitlerini özünde jemleýär. Döwlet gurluşy we halkyň durmuşy bilen bagly wajyp meseleleriň oňyn çözgüdini tapmakda hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleri aýratyn ähmiýete eýedir.

Halkyň ykbaly, döwletiň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik durmuşy bilen bagly beýik işleri yzygiderli we sazlaşykly dowam etdirmekde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň alyp barýan işleri-de aýratyn guwandyryjydyr. Çünki parasatly gojalarymyzyň durmuş mekdebini nusga edinmek, olaryň göreldesine eýermek halkymyzyň mukaddes ýörelgeleriniň biridir.

Galkynyşly döwrümiziň taryhynda möhüm pursady alamatlandyrjak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine welaýatymyzyň wekilleriniň giňden we işjeň gatnaşjakdygyna uly ynam bildirýäris. Çünki bu döwletli geňeşiň belent ruhy welaýatymyzyň ähli pudaklarynda, ulgamlarynda hem aýdyň duýulýar. Ildeşlerimiziň her biri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyny uly zähmet üstünlikleri bilen garşylamak, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň taryhy çözgütlere baý bolmagyna saldamly goşant goşmak ugrunda aladalanýar. Bu agzybirlikli işler ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini beýgeltmäge, jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini agzybirlikli çözmäge ýardam eder. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Zerhal NARMÄMMEDOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy.