Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

ROWAÇLYGYŇ RÖWŞEN ÝOLUNDA

«Bir suprada taýýar kylynsa aşlar» diýip arzuw eden Magtymguly Pyragynyň köňül wysaly bu günki gün hasyl boldy. Çünki Garaşsyzlyk halkymyza täze bagt berdi. Häzirki wagtda milli ýörelgelerimiz döwrebap röwüşde üstünlikli ösdürilip, döwlet derejesinde işjeň ilerledilýär. Şeýle ýörelgeleriň biri-de eziz Diýarymyzyň ýaşulularyny geňeşe çagyryp, ýerine ýetiriljek anyk işler babatda olara sala salmakdyr, bütin halkymyz bolup döwletli çözgütleri kabul etmekdir. Her ýylda bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bu umumymilli forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Şoňa görä-de, şu günler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 23-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge uly taýýarlyk görülýär. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleler halk bolup ara alnyp maslahatlaşylar, il bähbitli, ýurt ähmiýetli derwaýys çözgütler biragyzdan kabul ediler. Halk Maslahatynyň mejlisine ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda zähmet çekýän raýatlarymyz — işçilerdir daýhanlar, ýaşululardyr işewürler, talyplardyr beýleki dürli kärdäki adamlar işjeň gatnaşýarlar. Sebäbi halk ähmiýetli bu umumymilli forumda ýurdumyzyň diňe belli bir ulgamy bilen bagly däl-de, eýsem, ähli ugurlarda ýokary üstünlikleri gazanmaga mümkinçilik berýän meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna beslenýän şu ýylda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady hem-de ruhy-medeni durmuşynda amala aşyrylan beýik işler halkymyzyň jebisleşip, öňde bellenen belent maksatlara ýetmekde çekýän päk, hyjuwly zähmeti netijesinde amala aşyrylýar. Nusgalyk işler Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň, döredýän giň mümkinçilikleriniň esasynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň üçin-de, ildeşlerimiz eziz Watanymyzyň belent üstünliklerine buýsanýarlar. «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarlarymyzda il-günümize ynam bar, halk bilen döwletiň bir bitewüligi bar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň mähriban halkymyza bolan belent ynamy, çäksiz söýgüsi amala aşyrylýan beýik işlerde aýdyň ýüze çykýar. Häzirki wagtda gözel Diýarymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap obalar, şäherçeler, ýaşaýyş jaý toplumlary, medeni-durmuş, iri önümçilik maksatly desgalar, beýleki köp sanly binalar gurulýar. Şol sanda raýatlarymyz üçin täze iş orunlary döredilýär. Halk hojalygynyň, senagatyň ähli pudaklarynda döwrebap ösüşlere, belent sepgitlere ýetilýär. Bu işler Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegi, ykdysady kuwwatynyň artmagy, raýatlaryň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy, zähmet çekmegi, döretmegi ugrunda edilýän tagallalaryň rowaçlanýandygynyň güwäsidir. Halk bähbitli şeýle beýik işler röwşen geljegiň berk binýadyny döredýär. Gadymdan gelýän däp-dessurlarymyza eýermek bilen geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde kabul edilýän her bir çözgüdiň özeninde ymgyr many bar. Sebäbi halkymyzyň ertirki gününiň şu günden-de röwşen, Watanymyzyň asuda, bagtyýar bolmagy üçin ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň sazlaşykly ösmegi, ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy babatda ençeme işler durmuşa geçirilýär. Sanlyja ýyllaryň içinde ýurdumyzyň ykdysady derejesi kuwwatlanyp, iri senagat zolaklary döredildi, sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksatnamasy üstünlikli amala aşyryldy, ähli pudaklarda innowasion tehnologiýalar giň orun alyp, ykdysadyýeti dünýäniň soňky gazanan täzeçil tehnologiýalary arkaly döwrebap derejede dolandyrmak tejribesi emele getirildi. Şeýlelikde, uly dabara bilen geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn öňe gitmegi, milli kanunçylygymyzyň ösdürilmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulandyrylmagy babatda döwletli çözgütler kabul ediler. Şoňa görä-de, bu umumymilli forumyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini, halk häkimiýetiniň wekilçilikli guramasy bolan Halk Maslahatynyň hukuk aýratynlyklaryny bütin halkymyzyň, hususan-da, ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmek ählimiziň mukaddes borjumyzdyr. Çünki eziz Diýarymyzy has-da kuwwatly ýurda öwürmek, her bir adamyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek meseleleri döwlet syýasatymyzyň baş maksady bolup durýar.

Arslan SYTDYHOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.