Eziz Diýarymyzda bellenilýän baýramlaryň iň naýbaşysy ýurdumyzyň Garaşsyzlyk toýudyr. Häzirki günlerde il-günümiz hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň daşyna jebisleşip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna ýokary derejede taýýarlyk görýär. Asylly däbe görä, bu şanly baýramyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçiriler. Munuň özi halkymyzyň köpasyrlyk asylly däplerinden gözbaş alýar.
Umumymilli forumyň geçirilmegi halk häkimiýetliliginiň, milli döwletliligiň nyşanydyr. Şu günler Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryndan, öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, ýerlerde halk köpçüligi bilen Halk Maslahatynyň mejlisine teklipleri taýýarlamak, forumyň ähmiýetini wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Halkyň arasyndan uzak ýyllaryň dowamynda çeken ýadawsyz zähmeti, yhlasy bilen ösüşlerimize goşant goşýan adamlar saýlanyp alnyp, döwlet sylaglaryna we hormatly atlara hödürlenilýär.
Özygtyýarly döwletimiz merdana halkymyzyň döredijilik kuwwaty, keremli Diýarymyzyň sahawaty bilen ösüşiň dünýä nusgalyk ýoluny saýlap aldy. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň asylly işlerini dowamata besleýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap şäherçeler, önümçilik kärhanalary, medeni-durmuş maksatly binalar gurlup ulanmaga berilýär. Bu bolsa ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyryp, durmuş derejesini ýokarlandyrýar. Sebitleriň deňagramly, birsydyrgyn ösdürilmegi ýurdumyzyň her bir künjeginde abadan durmuşy üpjün edýär.
Altyn güýzde paýtagtymyzda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisi milli jebisligimizi has-da berkitmekde taryhy ähmiýete eýe bolar. Bu mejlisde kabul ediljek çözgütler diňe bir durmuş-ykdysady ösüşi däl, eýsem, jemgyýetimiziň ruhy-ahlak binýadyny, halkymyzyň agzybirligini has-da berkider. Bu şanly waka Diýarymyzyň ähli halky agzybirlik we uly ruhubelentlik bilen barýar.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazananlarymyz biziň umumy baýlygymyz, milli buýsanjymyzdyr. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda tutanýerli zähmetimiziň saýasynda asylly maksatlarymyz rowaçlyklara beslenýär.
Täzegül JUMADURDYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy.