Garaşsyzlyk bilen galkynýan Watanymyzda täze taryhy döwürde ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleriniň häzirki zaman şertleri bilen üstünlikli utgaşdyrylmagy netijesinde her günümiz ösüş-özgerişlere, taryhy wakalara beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň daşyna jebisleşen agzybir halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyna uly üstünlikler, toý sowgatlary bilen barýar.
Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuwlan ýurt Garaşsyzlygynyň döredýän mümkinçilikleriniň saýasynda her gün, her aý şan-şöhrata, taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady hem medeni wakalara beslenýär. Bu wakalar berkarar Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygyny, ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarlanýandygyny, alyp barýan daşary we içeri syýasatynyň Ýer ýüzünde gyzgyn goldanylýandygyny görkezýär. Döwlet Garaşsyzlygy bize sözüň doly manysynda milli ruhy we maddy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge mümkinçilik berdi. Bu gymmatlyklar müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýtmak bilen, halkymyzyň milli duýgularyny we arassa arzuw-isleglerini beýan edip, nesilden-nesle geçip gelýän belent ynsanperwerlik däpleriniň binýady bolup durýar.
Geçen 35 ýylyň içinde ýurdumyzda ykdysadyýetiň pudaklarynda we durmuş ulgamynda uly üstünlikler, ýokary netijeler gazanyldy, belent sepgitlere ýetildi. Eziz Diýarymyzda giň gerimli işler amala aşyrylyp, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly, durmuş taýdan abadan döwletleriň hatarynda mynasyp orun aldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda köp sanly obadyr şäherçeler döredildi, önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalaryňdyr desgalaryň ençemesi işe girizildi, ähli amatlyklar bilen edilen ýaşaýyş jaýlary bina edildi. Watanymyzyň ähli sebitlerinde häzirki döwrüň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen mekdepler, çagalar baglary, hassahanalar, dynç alyş we sagaldyş merkezleri gurlup ulanmaga berildi. Şeýle işlerde ýurdumyzyň işewürleriniň mynasyp paýynyň bardygyny aýratyn bellemek gerek. Täze taryhy döwürde döwletimiziň goldawyndan ruhlanýan telekeçileriň yhlasy bilen ýurdumyzda ähli ugurlarda ozal görlüp-eşidilmedik sepgitlere ýetildi.
Daşary syýasatynda parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, özara ynanyşmak, dost-doganlyk ýörelgelerini saýlap alan Türkmenistan goňşy hem-de dünýä döwletleri bilen oňyn hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Parahatçylyk söýüjiligiň, asudalygyň we ösüşleriň mekanyna öwrülen ýurdumyz dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilen baky Bitaraplyk syýasatyna daýanyp, ulag-logistika, energetika, ekologiýa meseleleri bilen baglanyşykly ençeme halkara başlangyçlary öňe sürdi. Halkara ykdysady we maliýe guramalary bilen ýola goýlan giň gerimli hyzmatdaşlygyň netijesinde taraplaryň bähbitlerine hyzmat edýän daşary ýurt maýa goýumlary üçin amatly şertleri, olaryň hukuk esaslary döredi. Bularyň ählisi diňe bir ykdysady we maliýe nukdaýnazaryndan däl, eýsem, milletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň berkemegine, medeniýetleriň baýlaşmaklaryna hem ýardam edýär.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň sebitde we dünýäde abadançylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary, halkara taslamalary gyzgyn goldawa eýe bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy esasynda taýýarlanan «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Afgan Gas» döwlet korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama dabaraly ýagdaýda gol çekilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu taryhy wakalar ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy, abadançylygy üpjün etmek ugrunda syýasy mehanizmler we ykdysady mümkinçilikleri barha işjeňleşdirýändigini görkezýär.
Garaşsyzlygyň halkymyza eçilen bagtyna guwanmak, buýsanmak, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar Watanymyzyň sazlaşykly ösüşlerine gönükdirilen asylly işlere mynasyp goşant goşmak ugrunda irginsiz zähmet çekmek her birimiziň belent borjumyzdyr. Eziz Diýarymyzy beýik ösüşlere besleýän, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç alsyn!
Aýnur KULIÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy