Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

GEŇEŞLI IL — BAGTYÝAR IL

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň baýramyna uly ruhubelentlik bilen barýan günlerimiz taryhy wakalara baýlygy bilen göwünlerimizi joşdurýar. Ýurdumyzyň ykdysady, oba hojalyk, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň maddy-önümçilik binýatlarynyň kuwwatlanmagy, hünärmenleri taýýarlamagyň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak, senagat hem oba hojalyk pudaklaryny kämilleşdirmek, milli telekeçiligi ösdürmek, täze iş orunlaryny döretmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Her ýylda Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde bu wajyp wezipeler babatda halkyň teklipleri seljerilip, oňyn netijeler kabul edilýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 15-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisinde eden çykyşy ýurdumyzyň geljegi uly ösüşleriniň täze menzillerini kesgitledi. Munuň özi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýynyň beýgelmegine, halkymyzyň röwşen geljegine ynamynyň berkemegine oňyn täsir edýär. Gahryman Arkadagymyz çykyşynyň dowamynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň 19-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň guramaçylyk topary bilen bilelikde alnyp barylmaly işlere ünsi çekdi. Bu 10 sany wajyp wezipäniň özenini düzýän mazmun we berlen tabşyryklar halkymyzyň we döwletimiziň bir bitewi maksada uýýan uly güýç bolup durýandygyny ýene bir ýola aýan edýär.

Halk Maslahatynyň Diwanynyň we degişli guramaçylyk toparynyň öňünde durýan wezipeleriň berjaý edilmegi döwlet bilen jemgyýetiň arasyndaky ynamy berkidip, ösüşiň täze belentliklerine ýetmäge berk esas berýär. Şunda düşündiriş we wagyz-nesihat işleriniň döwlet dolandyryş ulgamynyň, jemgyýetçilik-syýasy durmuşyň möhüm gurallarynyň biri bolup durýandygy biziň öňümizde täze wezipeleri goýýar. Häzirki günlerde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň hünärmenleri welaýatyň hususy kärhanalaryna, daýhan hojalyklaryna baryp Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti barada wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini geçirýärler. Duşuşyklarda halkymyzyň hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň durmuşa ornaşmagyna agzybirlikde, jebislikde mynasyp goşant goşjakdyklary aýdyň ýüze çykýar.

Zerhal NARMÄMMEDOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy.