Türkmenbaşy şäherindäki «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze gurlan «Gadamly» gury ýük gämisiniň ýüzüşe goýberilmegi ulag-logistika ulgamynyň ösüşiň täze derejesine çykýandygyny görkezdi. Ýeri gelende bellesek, mundan sekiz ýyl ozal, has takygy 2018-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen işe girizilen «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde ähmiýeti örän ýokarydyr. Şondan bäri bu zawodyň işi deňiz-derýa ulaglary pudagynyň ösüşine mynasyp goşandyny goşup gelýär. «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna birnäçe halkara derejeli şahadatnamalaryň gowşurylmagy bolsa aýdylanlary tassyklaýan hakykatdyr. Bu zawodda koreýaly hünärmenler bilen bilelikde gurlan «Gadamly» gury ýük gämisiniň uzynlygy 123 metre deň bolup, ol 20 tonnalyk ýük konteýnerleriniň birbada 240-syny daşamaga ukyplydyr. Gäminiň dolandyryş ulgamynyň dolulygyna awtomatlaşdyrylmagy, oturdylan ýörite datçikler, algoritmler, nawigasiýa we monitoring enjamlary oňa dört gije-gündizläp ýüzüşde bolmaga mümkinçilik berýär. Şeýle bolansoň, halkara ölçeglerde gurlan bu kuwwatly gämi Eýrana, Azerbaýjana, Gazagystana, Russiýa ýükleri gatnadar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hut özüniň ak pata bermegi bilen ýüzüşe goýberilen «Gadamly» gury ýük gämisiniň dabaradan kän wagt geçmänkä halkara ýüzüşe başlandygynam nygtasak ýerlikli bolar. Ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmeleriň, maksatly tutumlaryň çäklerinde ulag düzümini düýpli döwrebaplaşdyrmakda uly taslamalaryň amala aşyrylmagy dowam etdirilýär. Yklymyň möhüm söwda ýollarynyň çatrygy bolan Türkmenistanda kuwwatly üstaşyr ulag merkezini döretmek boýunça uly işler durmuşa geçirildi. Polat, awtomobil ýollarynyň müňlerçe kilometriniň gurulmagy, turba geçiriji ulgamlaryň bar bolanlarynyň durkunyň täzelenmegi we täzeleriniň gurulmagy aýdylanlary doly tassyklaýar. Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesini döretmek bu ugurda alnyp barylýan iri taslamalaryň biridir. Ol Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda köpri bolup, ýol we beýleki çykdajylaryň azalmagyny hem-de yklymda haryt dolanyşygynyň artmagyny üpjün eder. Türkmenistan deňiz arkaly ýolagçy gatnawlarynyň, ýük daşamalaryň ösdürilmegini Merkezi Aziýa we Hazar sebitleriniň ykdysady gatnaşyklaryň halkara ulgamyna doly goşulmagynyň möhüm şerti hasaplaýar. Şonuň üçinem Türkmenistan häzir onlarça döwletiň doly peýdalanýan ygtybarly üstaşyr ulag geçelgesini üpjün edýär. Çünki dost-doganlykly hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek, ynanyşmak hemme döwletlere peýda getirýär. Biziň ýurdumyz bu ýörelgeleri mynasyp dowam etdirýär hem-de sebitiň möhüm ulag merkezine öwrülýär.
Tuwakgylyç WELIÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.