Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrmak, bagtyýar halkymyzy beýik işlere ruhlandyrmak, milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy ösdürmek ugrunda giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalarynyň netijesinde türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Medeniýet ulgamynyň kämilligi jemgyýetiň ruhy ösüşini belende götermäge ýardam berýär. Halkymyzy döredijilikli zähmete ruhlandyrmakda, jemgyýetiň medeni aň-bilim derejesini ýokarlandyrmakda medeniýetiň hem sungatyň uly orny bar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 22-nji iýunynda Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy. Bu giň gerimli döredijilik çäresi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2013-nji ýyldan bäri eziz Diýarymyzyň dürli sebitlerinde geçirilip gelinýär. Sungatyň özboluşly baýramy milli medeniýetiň köpöwüşginliligini aýdyň açyp görkezýär. Halkymyzyň ruhy mirasyny gorap saklamaga, öwrenmäge we bütin dünýäde giňden wagyz etmäge, döredijilik işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, täze zehinleri ýüze çykarmaga gönükdirilen hepdeligiň çäklerinde milli ruha beslenen çäreler geçirilip, olar Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleriniň, halkyň ruhubelentliginiň, abadan durmuşynyň çeper beýanyna öwrülýär. Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasy bu ýyl özboluşlylygy we ruhlandyryjylygy bilen tapawutlanýar. Asylly däbe görä, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan baýramçylyk dabaralary özboluşly many-mazmuna ýugrulýar. Bu baýram filosofik mana eýe bolup, medeniýetiň aň-paýhas nury hem-de duýgy-düşünjeleriň tämizligi bilen baglydygyny görkezýär. Hepdeligiň çäklerinde guralýan konsertlerde milli aýdym-sazlaryň häzirki zaman eserleri bilen utgaşmagy uly ruhubelentlige beslenýär. Amaly-haşam sungatynyň sergileri bolsa hemmelere ajaýyp eserleriň döredilişini, nepis halylaryň dokalyşyny, zergärçilik önümleriniň ýasalyşyny, keşdeleriň çekilişini... gözi bilen görmäge mümkinçilik berýär. Alymlaryň, etnograflaryň, sungat ussalarynyň gatnaşmagynda guralýan ylmy-amaly maslahatlar Medeniýet hepdeliginiň möhüm bölegi bolup durýar. Bu çärelerde häzirki zaman şertlerinde milli mirasymyzy dünýä ýaýmak, medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, ýaş nesillere asylly däp-dessurlarymyz esasynda bilim we terbiýe bermek ýaly wezipeler ara alnyp maslahatlaşylýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary hem milli medeniýetimiziň toýy mynasybetli geçirilýän dabaralar işjeň gatnaşýarlar. Bu dabaralar biziň ählimizi täze üstünliklere ruhlandyryp, halkymyzyň baý medeni hem-de ruhy mirasyna buýsanjymyzy artdyrýar. Medeniýet, gadymy däp-dessurlar we ata-babalarymyzdan miras galan gymmatlyklar indi diňe bir muzeýlerde sergilenýän eksponatlar ýa-da taryhy ýadygärlikler bolmakdan çykdy. Olar täze döwrüň şertlerinde ykdysady ösüşiň iň kuwwatly hereketlendirijisine, hususy pudagyň wekilleri üçin ruhy ylham çeşmesine we milli brendimizi dünýä derejesine çykarmagyň binýadyna öwrülýär. Gadymy gymmatlyklar bilen täzeçil telekeçiligiň, ýaşlaryň döredijilik kuwwatynyň özara utgaşmagy häzirki wagtda ýurdumyzda özboluşly hem-de durmuşa ukyply ekoulgamy emele getirýär. Şunda geçmişiň tejribesi geljege ylham berýär, medeni özboluşlylyk bolsa üstünlikli işewürlik nusgalarynyň, strategik meýilnamalaryň we ykdysady bäsdeşlige ukyplylygyň düýp mazmunyny kesgitleýän esasy şertleriň biri hökmünde çykyş edýär. Türkmen topragy adamzat siwilizasiýasynyň müňýyllyklara uzaýan taryhynyň, dürli medeniýetleriň we ýokary ösüşiň altyn sahypalaryny özünde jemleýän baý taryha eýedir. Gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç Beýik Ýüpek ýolunyň gatnaw ugurlarynyň kesişen, ylym-bilimiň we söwdanyň gülläp ösen şöhratly eýýamlarynyň ýadygärliklerini saklaýar. Häzirki zaman türkmen telekeçileri üçin bu taryhy ýadygärlikler diňe bir kartanyň üstündäki nokatlar ýa-da syýahatçylyk ugurlary däl, eýsem, täzeçil dizaýnlaryň, çuňňur many-mazmunly döredijilik konsepsiýalarynyň we marketing çemeleşmeleriniň egsilmez hazynasydyr. Milli gymmatlyklarymyzy ylmy esasda öwrenmäge we olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Aýnur KULIÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy