Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

  • ŞANLY ÝYLYŇ BELENT RUHY — TÄZE SEPGITLERE BADALGA

    Hor...

  • ОПИРАЯСЬ НА ПЕРЕДОВЫЕ ТЕХНОЛОГИИ

    В...

  • MAKSATLARYŇ MYRAT TAPÝAN WATANY

    Berkar...

  • YLYM WE TEHNOLOGIÝALAR — ÖSÜŞLERIMIZIŇ ESASYNY DÜZÝÄN GYMMATLYGYMYZ

    Taryhdan...

  • YLYM — ÖSÜŞLERIŇ HEREKETLENDIRIJI GÜÝJI

    Garaşsyz,...

  • Далее

ŞANLY ÝYLYŇ BELENT RUHY — TÄZE SEPGITLERE BADALGA

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz döredijilik, parahatçylyk söýüjilik we giň möçberli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar hem-de täze sepgitleri eýeleýär. Watanymyzyň beýik işlerine milli ykdysadyýetiň hususy pudagy hem mynasyp goşant goşýar. Ýurdumyzda telekeçiligiň ösdürilmegine ýardam berilýär hem-de innowasion ykdysadyýetiň kemala getirilmegine hususy işewürligiň gatnaşmagy goldanylýar. Bu ýagdaý telekeçileri has belent sepgitlere ýetmäge, döredijilikli işlemäge, döwür bilen aýakdaş gitmäge ruhlandyrýar.

Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, Balkan welaýaty hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna uly üstünlikler bilen barýar. Şu ýylyň 8-nji maýynda Awazada geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde beýan edilişi ýaly, 2026-njy ýylyň dört aýynda Balkan welaýaty boýunça senagat önümçiliginiň möçberi, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 6,6 göterim artdy. Welaýatyň çäginde azyk önümleriniň öndürilişi-de yzygiderli ýokarlanýar. Hasabat döwründe çörek we çörek önümleriniň öndürilişi 0,1 göterim, unuň öndürilişi 52,5 göterim, süýji-köke önümleriniň öndürilişi 7 göterim, süýt önümleriniň öndürilişi 6,4 göterim, gök önümleriň öndürilişi 1,5 esse, etiň öndürilişi 0,5 göterim, ýumurtganyň öndürilişi 25,8 göterim, tutulan balyklar 14,1 göterim artdy.

Sebiti senagat taýdan ösdürmek we onuň eksport mümkinçiliklerini has-da artdyrmak babatda hem uly tagallalar edilýär. Türkmenbaşy etrabynda kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň gurluşygyna badalga berildi hem-de şu etrabyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlarynyň we binalar toplumynyň gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Umuman aýdylanda, häzirki wagtda welaýatyň çäginde 260-dan gowrak iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşyk işleriniň dowam edýändigi, bu işlerde ýurdumyzyň hususyýetçileriniň hem mynasyp goşandynyň bardygy guwandyryjydyr.

8-nji maýda «Gadamly” gämisiniň ulanmaga berilmegi türkmen deňiz flotunda taryhy waka boldy. Hormatly Prezidentimiziň täze gurlan bu döwrebap gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasyndaky çykyşynda aýdyşy ýaly, şu ýylyň dowamynda ýük gämileriniň ýene biri ulanmaga berler. “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna halkara derejede birnäçe güwänamalaryň gowşurylmagy döwrebap ýük gämileriniň gurluşyk işlerini has-da ynamly alyp barmakda möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunda degişli gurluşyk işleri dowam etdirilýär.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan şeýle iri taslamalar hususy ulgamyň wekilleri üçin hem giň mümkinçilikleri açýar. Hususy ulgamda gazanylýan üstünliklerde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalarynyň alyp barýan wagyz-ündew çäreleri hem özüniň oňyn netijesini berýär. Döwlet tarapyndan telekeçiligi ösdürmäge berilýän taýsyz goldaw-hemaýatlar partiýa agzalarynyň sanynyň, dürli ugurlar boýunça işjeňliginiň artmagyny üpjün edýär. Balkanabatdaky «Giňdere», «Batly gadam», «Altynnurzaman», «Zürýada hyzmat» hususy kärhanalary, Türkmenbaşy etrabyndaky «Akgaýa» hojalyk jemgyýeti we «Hazarbalyk» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, Bereket etrabyndaky «Nurly meýdan» daýhan hojalygy we beýleki düzümler ýurdumyzda we daşary ýurtlarda guralýan sergilere hem yzygiderli gatnaşýarlar. Welaýatdaky hususy kärhanalaryň öndürýän önümlerine daşary ýurt bazarlarynda islegiň barha artýandygy-da buýsançly ýagdaýdyr.

Döwlet tarapyndan hususyýetçiligi ösdürmäge berilýän goldawlardan ruhlanyp zähmet çekýän balkanly telekeçileriň soňky 20 ýyla golaý wagtyň dowamynda welaýat boýunça dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berlen döwrebap orta mekdepleriňdir çagalar baglarynyň, medeni we sport maksatly desgalaryň, dürli görnüşli önümleri, senagat harytlaryny, gurluşyk serişdelerini öndürýän kärhanalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklaryny ýokary hil ülňülerine laýyk bina edendiklerini nygtamak gerek. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine agza bolup durýan hususyýetçileriň soňky döwürde Balkan welaýatynda guran iri önümçilik we durmuş maksatly desgalarynyň sany barmak büküp sanardan geçdi. Olaryň hatarynda dürli senagat harytlaryny, çörek we konditer önümlerini öndürýän hususy kärhanalar, miweleri, gök-bakja, et önümlerini saklamaga niýetlenen sowadyjy ammarlar, döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan, gök önümlerdir miwelere ýöriteleşdirilen ýyladyşhanalar, bekre balygyny, onuň işbilini ýetişdirýän, gaýtadan işleýän häzirki zaman kärhanasy hem-de beýlekiler bar.

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 8-nji maýynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy üçin täze «Kenar» sorujy bekediniň we öndürijiligi bir gije-gündizde 15 müň kub metr bolan deňiz suwuny süýjediji desganyň taslamasyny düzmek we olary gurmak işleriniň “Nur Mimar” hojalyk jemgyýetine ynanylmagy hem hususy pudagyň işine döwlet tarapyndan ýokary baha berilýändiginiň güwäsidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz telekeçilere iri möçberli taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň amala aşyrylmagyny ynanýar. Balkan welaýatynyň telekeçileri diňe bir gurluşyk işleri bilen çäklenmän, eýsem, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa azyk önümlerini, ir-iýmişleri, gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, olary gaýtadan işlemek bilen meşgullanýarlar, ilata dürli görnüşli hyzmatlary hem hödürleýärler. Hususy işewürligi ösdürmek üçin döwlet tarapyndan döredilýän amatly şertler ýurdumyzyň telekeçilerine öz geljegine ynam bilen garamaga ýardam edýär, olary Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmaga, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine joşgunly zähmet çekmäge höweslendirýär.

Toýmämmet HAJYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy.