Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe maksatlaryň myrat tapýan Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň halk bähbitli durmuşa ornaşdyrýan beýik işleri, belent maksatlary döwrebap ösüşleri üpjün edýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzyň her güni taryhy wakalara beslenýär, halkymyzyň buýsançly kalbyny nurlandyrýar. Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny dabaralandyrýan şanly ýylymyzyň taryhy wakalary halkyň agzybirligini, hormatly Prezidentimiziň belent maksatlarynyň rowaçlanýandygyny, beýik işleriň amala aşyrylýandygyny görkezýär.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk. Ynha, şu belent maksatlaryň her birinde halkymyzyň, eziz Watanymyzyň bähbitlerini görmek bolýar. Ösüşiň döwrebap mümkinçiligini üpjün edýän şeýle döwletli maksatlarda şu günüň we geljegiň esasy ugry kesgitlenendir, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalandyrylmagy göz öňünde tutulandyr.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylyp, bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň milli nusgasy kemala gelýär we bu ugurda ýokary netijeler gazanylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda işlenip taýýarlanylyp, hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen tassyklanan «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» hem ýurdumyzyň sebitleriniň ykdysady taýdan ýokary depginli ösüşini gazanmak we innowasion häsiýetli önümçilikleri döretmek, bäsdeşlige ukyply taýýar önümleri öndürmek, olary dünýä bazarlaryna çykarmak, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan, ekologik taýdan arassa önümleri öndürmek, ýaşaýyş-durmuş, inženerçilik ulgamlaryny hil taýdan ýokary derejä çykarmak esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir. Maksatnama laýyklykda, 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 41,2 milliard manat möçberinde düýpli maýa goýumlaryny gönükdirmek maksat edinilýär. Onuň agramly bölegi önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna sarp ediler.
«Gurýan döwlet gurpludyr». Bu jümle ösüşlere beslenýän zamanamyzyň belent hakykatyny beýan edýär. Bu günki gün Bitarap Türkmenistan ykdysady we ruhy-medeni taýdan örän uly kuwwata eýe bolmak bilen, tiz ösýän döwletleriň hatarynda öz ornuny berkidýär. Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda köp sanly zawodlar we fabrikler, iri önümçilikler guruldy, bular batly depgin bilen ösýän ykdysady düzüme sazlaşykly goşulyşdy. Şäherleriň we obalaryň binagärlik keşbi düýpgöter özgerýär, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, täze mekdepler, çagalar baglary, lukmançylyk merkezleri, medeniýet köşkleri, stadionlar we şypahanalar, beýleki durmuş-ykdysady desgalar gurulýar. Türkmenistanyň paýtagty ak mermerli Aşgabat gözümiziň alnynda owadan we döwrebap şähere öwrüldi. Şu ýylyň 8-nji aprelinde Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze şäherçäniň düýbüniň tutulmagy ýurdumyzyň her bir raýatynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek hakynda edilýän aladanyň nobatdaky subutnamasydyr. Geçen ýylda Ak bugdaý etrabynda Döwletli mekan, Kaka etrabynda Bagtly zamana obalarynyň, Köneürgenç etrabynda Bitaraplyk şäherçesiniň açylyp ulanmaga berlendigini uly buýsanç bilen bellemelidiris.
Halkymyzda ýol gurmak hemişe sogap iş hasaplanypdyr. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň ulanylmaga berilmegi hakyky taryhy waka hem-de ýurdumyzyň ulag ulgamynyň has-da ösdürilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Türkmenistany ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen wezipeleri mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrmakda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ähmiýeti örän uludyr. Uzynlygy 600 kilometre deň bolan bu ýoluň gurulmagy gadymy Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap görnüşde dikeltmekde hem örän möhüm ähmiýete eýedir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ýol-ulag ulgamlaryny has-da giňeldýär.
Uglewodorod serişdeleriniň tassyklanylan gorlary babatda dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan tebigy serişdelerini yzygiderli özleşdirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen iri senagat desgasy bolan «Galkynyş» gaz ýatagyny özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berilmegi uzak geljege gönükdirilen hyzmatdaşlygyň ösüşine täze bat berdi. Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) bilen bilelikde amala aşyryljak taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýylda goşmaça 10 milliard kub metre barabar tebigy gazy çykarmaga mümkinçilik dörär. Bu iri taslamanyň sebitde energetika howpsuzlygyny we abadançylygy berkitmekdäki ähmiýeti örän uludyr.
Türkmenistanda gämi gurluşygy täze we strategik senagat pudagydyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag pudagynyň maddy-tehniki binýadyny gowulandyrmak baradaky degişli Kararynyň çäginde «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi üçin iki sany gury ýük gämisiniň gurluşygyna badalga berlipdi. Hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde «Gadamly» atly täze gury ýük gämisiniň ýüzüşe goýberilmegine ak pata bermegi şanly ýylymyzyň taryhy wakalarynyň biri boldy. Türkmen hünärmenleriniň yhlasyndan dörän gury ýük gämisi 240-a çenli ýük konteýnerlerini daşamaga we dört güne çenli awtonom görnüşde işlemäge ukyplydyr. Halkara deňiz portunda duran gämide Döwlet baýdagymyz galdyrylyp, onuň dabaraly ýagdaýda ilkinji halkara ýüzüşine ugradylmagy ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamyndaky, hususan-da, deňiz we derýa ulaglary pudagyndaky işleriň täze sepgitlere çykýandygyny alamatlandyrdy.
Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň dabaralaryna beslenýän ýylda paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda durmuş we beýleki maksatly binalar, şol sanda Aşgabatda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleri we Stomatologiýa merkezi, «Arçman» şypahanasynda 400 orunlyk täze binalar toplumy, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlary ulanmaga berler. Bu bolsa ýurdumyzda her bir maksatnamanyň, meýilnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Amala aşyrylýan giň möçberli işleriň ählisi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň sebitlerini gyradeň ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmaga we halkara ölçeglere laýyk getirmäge gönükdirilen syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Didar OSMANOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň jogapkär işgäri.