Taryhdan mälim bolşy ýaly, jemgyýetiň galkynyşy ylym-bilimiň ösüşi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ylmyň gazananlarynyň ykdysadyýetiň pudaklaryna, önümçilige, durmuş ulgamlaryna üstünlikli ornaşdyrylmagy döwletiň we jemgyýetiň täze derejä çykmagyny şertlendirýär. Ylmy-tehniki ösüşiň miweleri — açyşlar, oýlap tapyşlar, innowasiýalar jemgyýetiň önümçilik, dolandyryş, howpsuzlyk we abadançylyk, raýatlaryň saglygyny hem-de daşky gurşawy goramak, ýaş nesilleri terbiýelemek ýaly zerurlyklaryny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Şoňa görä-de, eziz Diýarymyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär.
«Ylym we tehnologiýalar biziň şu günki hem-de geljekki ösüşlerimiziň esasyny düzýän gymmatlygymyzdyr» diýýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Gahryman Arkadagymyzyň ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryna, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylym-bilimi, medeniýeti ösdürmek, dünýäniň syýasy, ykdysady we medeni giňişliginde Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmak boýunça başyny başlan asylly işleri dowam etdirilýär. Ylym-bilim ulgamynda gazanylan baý tejribä daýanylyp, milli ykdysadyýetiň innowasion tehnologiýalara esaslanýan nusgasy kemala getirilýär.
Täze taryhy eýýamda jemgyýetimiziň aň-bilim kuwwatyny berkitmek, raýatlaryň dünýägaraýşyny ösdürmek, ylym ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmak ugrunda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» düýpli we amaly ylmy barlaglaryň özara baglanyşygyny has-da işjeňleşdirmek bilen bagly möhüm wezipeler kesgitlenilýär. Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda we jemgyýeti dolandyrýan düzümlerde zähmet çekýän hünärmenleriň ussatlygynyň ýokarlanmagy, bilim-başarnyklarynyň kämilleşmegi, şeýle hem raýatlaryň dünýägaraýşynyň giňemegi, şu günki we geljekki abadançylyk babatda jogapkärçiliginiň artmagy jemgyýetçilik ösüşini täze derejä çykarýar. Bilim we ylym ulgamlarynda alnyp barylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň akademiki ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki hem-de ylmy-taslama merkezlerinde, tejribe-önümçilik barlaghanalarynda, pudagara we pudaklaýyn ylmy guramalarda ylma hem-de döredijilige höwesli ýaşlaryň täze nesli kemala gelýär.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda giňden bellenilýän Ylymlar gününde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň hem-de Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgütlerine laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Serdary Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademikligine saýlanylmagy, ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk adynyň berilmegi il-günümiziň göwnüni ganatlandyran buýsançly waka boldy. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda halkyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ylym we bilim ulgamlaryny ösdürmek, milli saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk getirmek, täze öňdebaryjy tehnologiýalary ykdysadyýete, önümçilige ornaşdyrmak, ylymly-bilimli ýaşlaryň täze neslini kemala getirmek, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösýän ýurtlarynyň hataryndaky ornuny berkitmek, dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk syýasatyny has-da pugtalandyrmak babatda alyp barýan asylly işleriniň belent ykrarnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda häzirki wagtda milli ykdysadyýetimizi ylmy esasda ösdürmäge, milli we döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge, aýratyn-da, jemgyýetimiziň ylmy-intellektual mümkinçiliklerini artdyrmaga döwlet syýasatynyň strategik ugry hökmünde uly ähmiýet berilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlaryna, ylmy-tehniki özgertmelerine, toplumlaýyn maksatnamalaryna, innowasion ösüşe hem-de ýokary tehnologiýalaryň gazananlaryna esaslanýan syýasatyna laýyklykda, ýurdumyzda ylym ulgamynyň binýady yzygiderli pugtalandyrylyp, ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, düýpli nazary bilimlere daýanýan ykdysadyýeti döretmek babatda ähli zerur şertler döredilýär.
Ýurdumyzda ylmyň gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegine, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly harytlaryň öndürilişiniň artmagyna mümkinçilik berýär. Durnukly ösüşleri nazarlaýan milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda işleri ylmy esasda alyp barmak, täze tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagyny çaltlandyrmak, şeýle-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys. Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademikligine saýlanylmagy hem-de professor alymlyk adynyň berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!
Şemşat BAÝRAMGELDIÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Umumy bölüminiň müdiri.