Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

SAHAWATLY IŞLERIŇ DOWAMATY

Halkymyzda birek-biregi goldamak, hemaýat etmek ýaly sahawatly işler häzirki wagtda üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň saglygy, olaryň geljegi hakynda edilýän aladalar döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzda müňlerçe çaganyň saglygy dikeldildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň Mukaddes Gurban baýramynyň öň ýanynda, ýagny 26-njy maýda Milli Liderimiziň başlyklyk etmeginde gaznanyň Ýaşulular geňeşiniň mejlisiniň dowamynda sahawatly çözgütler kabul edildi.  Ýaşulular geňeşiniň mejlisinde Aşgabat şäherindäki çagalar öýünde hossarsyz galan gyzjagaza «Arkadag gyzy Gurbangül» diýip at dakyldy. Çagalary goramagyň halkara gününde bolsa  bu gyzjagaza degişli şahadatnama hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Bu bolsa ata-babalarymyzdan gelýän sahawatlylyk ýörelgeleriniň dowamata atarylýandygynyň aýdyň nyşanydyr. 

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününden bäri geçen wagtyň dowamynda gaznanyň işi halkara derejede ykrar edildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gaznanyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa gaznanyň halkara gatnaşyklaryndaky ornunyň has-da berkidilmegine uly goşant goşýar. Halkara saglyk merkezleri, çagalar merkezleri we guramalary bilen ýola goýulýan gatnaşyklar munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem bu gaznanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi we strategik hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamanyň baglaşylmagy bu işleriň halkara derejede belent ykrarnama eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär. 

Nesil saglygy hakynda alada her bir ata-enäniň bolşy ýaly, döwletimiziň hem baş aladasyna öwrüldi. Gaznanyň hemaýat bermeginde ýurdumyzyň çagalar hassahanalaryna «Tiz kömek» awtoulaglarynyň, welaýatlaryň hassahanalarynyň çagalar bölümlerine «Dialog» kysymly gemodializ enjamynyň sowgat berilmegi, daşary ýurtlarda dürli tebigy hadysalar zerarly ejir çeken ýaş raýatlara ynsanperwerlik kömekleriniň ugradylmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Biziň ýurdumyzda hossarsyz çaga ýokdur. Her bir çaganyň arkasynda dag ýaly kuwwatly döwletimiz durandyr» diýen ganatly sözleri her bir ata-enäniň kalbynda uly buýsanç duýgusyny döredýär. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna bejergi alýan çagalara hem-de Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň adyndan her baýramçylykda dürli süýjülikleriň we sowgatlaryň gowşurylmagy aýratyn bellärliklidir. Çünki çaga terbiýesine we saglygyna uly ähmiýet berýän halkymyz üçin bu sahawatly işler has-da tolgundyryjydyr. 

Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerýän telekeçilerimiz hem sahawatly işlere mynasyp goşant goşýarlar. Telekeçilerimiz gazna tarapyndan alnyp barylýan haýyrly işleri durmuşa geçirmek boýunça birnäçe taslamalary alyp barýarlar. Ýerli gurluşyk kärhanalary tarapyndan gaznanyň serişdelerine maliýeleşdirilýän gurluşyk işleri giň gerime eýe bolýar. 

Sahawatly işler hemişe ýalkawa mynasypdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň adyny buýsanç bilen göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň durmuşa geçirýän sahawatly işleri ähli halkymyzda buýsanç duýgusyny döredýär. Halkymyzyň bagtyýarlygy, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, ýaş nesilleriň röwşen geljegi ugurnda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! 

Gözel BARLYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.