Behişdi bedewler – türkmen halkymyzyň milli buýsanjy, gymmatly baýlygy, ynsan gylykly syrdaşy, wepaly ýoldaşy. Ahalteke atlaryna hormatsarpanyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bimöçberdigine bolsa şu ýylyň ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi-de kemsiz subutnamadyr. Gündogar müçenamasy boýunça ýylky, ýagny bedew ýylynda olar bilen baglanyşykly çärelere giň gerim berilmegi, elbetde, guwandyryjy ýagdaýdyr. Ýelden ýyndam türkmen bedewleriniň dostlukly döwletlerde geçirilýän ýaryşlara, bäsleşiklere gatnaşyp gazanýan üstünlikleriniň bir-birine ulaşýandygy hem her birimiziň buýsanjymyza buýsanç goşýar.
Türkmen atşynaslarynyň Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçirilen atly sport we gözellik bäsleşiklerinde ýokary derejeli baş baýraklara mynasyp bolmagy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy bellenilýän şöhratly ýylyň ajaýyp wakalarynyň üstüni ýetirdi. Bu bäsleşiklere ýurdumyzdan gatnaşan ahalteke bedewleriniň, olara erk edýän ussat ýaşlarymyzyň üstünlikli çykyş edip, «Aziýanyň çempiony» we «Dünýäniň çempiony» diýen hormatly atlara, beýleki baýrakly orunlara eýe bolmagy diňe bir atşynaslary ýa-da bedew janköýerlerini däl-de, her bir türkmenistanlyny begendirdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Dowamat atly bedewiň dört we ulyýaşar atlaryň arasynda 1 müň 600 metr aralyga geçirilen çapyşykda ýeňiji, şol atçylyk toplumyna degişli Aýgytly diýen bedewiň bolsa ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşiginiň absolýut ýeňijisi bolup, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň baş baýraklary – ýeňil awtoulaglar, kuboklar, güwänamalar bilen sylaglanylmagy türkmen bedewleriniň uly at-abraýa eýediginiň nobatdaky subutnamasy bolup dabaralandy. Ahalteke bedewleriniň dünýä dolan şöhratyny beýgelden şanly wakalaryň ýene biri bolsa doganlyk Türkiýe Respublikasynda bolup geçdi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Stambul şäherinde dünýäniň 24 ýurdundan müňden gowrak wekiliň gatnaşmagynda Bütindünýä etnosport konfederasiýasy tarapyndan geçirilen 8-nji Halkara etnosport medeniýet festiwalynda çykyş edip, onuň ýokary derejeli baýragyna mynasyp bolmagy ýelden ýüwrük bedewlerimize bolan buýsanjymyza buýsanç goşdy.
Baýrammyrat ATAÝEW , Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.