Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

HUSUSY PUDAGYŇ HALKARA HYZMATDAŞLYKDAKY YNAMLY GADAMLARY

Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiziň rowaçlyga besleýän asylly başlangyçlarynyň netijesinde ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şeýle işleriň netijesinde türkmen işewürleri halkara giňişligindäki orunlaryny has-da pugtalandyryp, eksport mümkinçiliklerini giňeltmekde we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädimleri ädýärler. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda rowaçlyklara beslenýän 2026-njy ýyl türkmen telekeçileri üçin halkara işewürlik gatnaşyklarynyň täze sepgitlere çykýan ýyly hökmünde tapawutlanýar.

​Häzirki döwürde türkmen işewürleri dünýäniň dürli ýurtlary bilen döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm orun eýeleýär. Şu ýylyň maý aýynyň 11 – 15-i aralygynda türkmen telekeçileriniň Londona guran işewürlik sapary hem halkara hyzmatdaşlykda möhüm waka boldy. «TurkmenExpo», Günbatar London Söwda-senagat edarasy we MAP Merkezi tarapyndan gurnalan «UK — Turkmenistan B2B Exchange» işewürlik çäresi köp sanly ylalaşyklara ýol açdy. Forumyň çäklerinde «Takyk Abzal» hususy kärhanasy Beýik Britaniýanyň nebit-gaz pudagyndaky «Somer Industrial Projects» kompaniýasy we Hünär sertifikatlaşdyrmasy boýunça şarternama instituty bilen hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşdy. «ALSAT» bolsa Singapuryň BTFV maýa goýum gaznasynyň London şahamçasy hem-de Horwatiýanyň «Consulio» kompaniýasy bilen özara düşünişmek barada resminamalara gol çekdi. ​Bilim we sergi pudagynda «Perzent» bilim merkezi, «TurkmenExpo» we «Türkmen Kongress» hususy kärhanalary Britan Dolandyryş Uniwersiteti (BMU) bilen hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda memorandumy baglaşdylar.

Türkmen telekeçileri sebit we dünýä derejesindäki iri çärelere yzygiderli gatnaşýarlar. Döwletimiz milli haryt nyşanly önümleriň dünýäde meşhurlygyny artdyrmak ugrunda uly tagallalary edýär. Ýakynda Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2026» çäresinde hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan gurnalan milli pawilýon ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini görkezmekde möhüm meýdança boldy. Bu ýerde energetika, logistika, gurluşyk we sanly tehnologiýalar ýaly ugurlar boýunça işewürlik duşuşyklary geçirildi.

​Şeýle-de aprel aýynda Aşgabatda geçirilen Türkmen-hytaý işewürlik forumy we sergisi iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň gerimini has-da giňeltdi. Bu çäre senagatdan başlap, logistika we oba hojalygyna çenli köp pudaklaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly goşant goşdy. Şunda hususy pudagyň wekilleri hem özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerini açmaga ýardam edýärler.

2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi sebitara hyzmatdaşlygyň täze tapgyryny alamatlandyrar. Bu forum ýurtlaryň arasyndaky ykdysady goşulyşmagy, şol sanda eksport-import amallaryny kämilleşdirmäge şert döredýär. ​Türkmenistanyň hususy pudagy üçin GDA giňişligi haryt dolanyşygyny artdyrmakda esasy ugurlaryň biridir. Häzirki wagtda dokma senagaty, oba hojalyk önümleri we gaýtadan işleýän pudakda öndürilýän harytlar goňşy we sebit ýurtlaryna eksport edilýär. Hususan-da, oba hojalyk pudagyndaky önümçiligiň artmagy we «Agro Pack Turkmenistan — 2026» ýaly halkara sergilerde tanyşdyrylýan ýokary hilli harytlar türkmen telekeçileriniň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny tassyklaýar.

​«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän ýylda ýurduň eksport kuwwatynyň yzygiderli artýandygy buýsandyryjy ýagdaýdyr. Bu ugurdaky işlere hususy pudagyň wekilleriniň mynasyp goşant goşmagy hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda döredilýän mümkinçilikleriň ajaýyp netijesidir.

Guwanç BALLYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň umumy bölüminiň maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni.