Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde her bir şanly sene uly dabaralara, ruhubelentlige beslenýär. Şolaryň arasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni aýratyn orna eýedir. Bu goşa baýram Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda täze mazmun bilen baýlaşmagy, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň we agzybirliginiň nyşanydyr.
Milli belentliginiň we hukuk esaslarynyň bitewiligi Türkmenistanyň Baş Kanuny we Döwlet baýdagy biziň mukaddesliklerimizdir. Konstitusiýa döwletimiziň hukuk binýadyny düzýän bolsa, ýaşyl baýdagymyz şol binýady üstünde gurlan belent mertebämiziň dünýä ýüzündäki dabaralanmasydyr.
Türkmenistanda her ýylyň 18-nji maýynda döwlet derejesinde bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni ýurdumyzyň iň uly we ähmiýetli baýramlarynyň biridir. Bu senäniň bir günde utgaşdyrylmagy, halkymyzyň mukaddesliklerine bolan sarpasyny we agzybirligini aňladýar.
Konstitusiýa – döwletimiziň hukuk binýadydyr. Ol her bir raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirýär, ýurdumyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet ýörelgelerini berkitmekde esasy gural bolup hyzmat edýär.
Döwlet Baýdagy – Garaşsyzlygymyzyň, bitewiligimiziň we parahatçylyk söýüjiligimiziň nyşanydyr. Baýdagymyzyň ýüzündäki ýaşyl reňk, bäş sany göl, aý we ýyldyzlar türkmen halkynyň taryhy köklerini, milli mirasyny we röwşen geljegini alamatlandyrýar.
Bu baýram diňe bir senenamadaky şanly gün bolman, eýsem her bir türkmenistanlynyň kalbynda buýsanç döredýän waka hökmünde kabul edilýär. Döwlet Baýdagymyz biziň bir baýdagyň aşagynda jebisleşen agzybir halkdygymyzy görkezýär. Konstitusiýa bolan sarpa, ýurtda kanun we tertip – düzgüniň, adalatlylygyň dabaralanmagyna bolan ynamy berkidýär.
Halk Maslahatynyň işiniň kämilleşdirilmegi we möhüm döwlet kararlarynyň halk bilen maslahatlaşylyp kabul edilmegi, Konstitusiýamyzyň demokratik esaslarynyň iş ýüzündäki beýanydyr.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan belent sepgitlere tarap ynamly öňe barýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen Döwletdir!» diýen şygary esasynda durmuşa geçirilýän özgertmeler Esasy Kanunymyzyň ruhuna doly laýyk gelýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze belentliklere tarap ynamly gadam urýar.
Goý, biziň Esasy Kanunymyz baky hemra, belentde parlaýan ýaşyl Baýdagymyz bolsa hemişe şan-şöhratymyzyň nyşany bolup galsyn!
Netijede Konstitusiýa we Döwlet baýdagy – biziň buýsanjymyz geçmişimiz we geljegimizdir. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň we her bir raýatyň asuda durmuşynyň kepilidir.
Merdana halkymyzy bagtyýar hem eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Gülsoltan ALLAGULYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.