Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

HUSUSY PUDAK — SEBIT HYZMATDAŞLYGYNYŇ WE INNOWASION ÖSÜŞIŇ HEREKETLENDIRIJI GÜÝJI

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň pähim-paýhasly baştutanlygynda Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady ulgamyna işjeň goşulyşmagynda hususy pudaga aýratyn orun degişlidir. Bu günki gün ýurdumyzyň telekeçileri diňe bir ykdysadyýetiň möhüm pudagy bolman, eýsem, içerki bazaryň bolçulygyny üpjün etmäge, halkara derejesinde işjeň agza hökmünde çykyş etmäge hem-de Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda sebitara hyzmatdaşlygy berkitmäge ukyply kuwwatly güýje öwrüldi.

Türkmenistanda hususy pudagyň ösüşi «Açyk gapylar» we hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň  agzalary şu günki günde goňşy döwletleriň — Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Owganystanyň bazarlarynda öz orunlaryny barha berkidýärler. Türkmen telekeçileri tarapyndan daşary ýurtlarda durmuş maksatly desgalaryň gurulmagy, ekologiýa taýdan arassa agrosenagat önümleriniň iberilmegi we özümizde öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň eksporty ykdysady diplomatiýanyň täsirli guralyna öwrüldi. Türkmen telekeçileriniň sebitdäki kärdeşleri bilen ýola goýýan hyzmatdaşlygy serhetüsti gatnaşyklaryň pugta binýadyny döredýär. Bu gatnaşyklar uzak möhletleýin syýasy durnuklylyga hyzmat edýär.

Durnukly ösüş nukdaýnazaryndan, Türkmenistanyň hususy pudagy «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmakda öňdebaryjy orny eýeleýär. Suw tygşytlaýjy döwrebap suwaryş ulgamlaryna, gün energiýasyna we galyndysyz önümçiliklere maýa goýmak bilen, biziň telekeçilerimiz Aral deňziniň we Merkezi Aziýanyň derýalarynyň basseýniniň serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly umumy sebit ekologiýa meseleleriniň çözülmegine uly goşant goşýarlar. Hususy kärhanalar ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylýan merkezlerine öwrülip, sebitiň innowasion işjeňligini ýokarlandyrýarlar.

Şu günki günde sebitara hyzmatdaşlygy döwrebap logistika ulgamyndan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Türkmenistanyň hususy ulag-logistika kompaniýalary Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar halkara geçelgeleriniň ähmiýetini artdyrmakda esasy orunlary eýeleýärler. Hususy işewürligiň başlangyçlary netijesinde halkara üstaşyr ýük akymlary kämilleşdirilýär, serhetleriň arasy ýakynlaşýar we Gündogar bilen Günbatary baglanyşdyrýan täze ykdysady zynjyrlar döredilýär.

Döwlet tarapyndan berilýän çäksiz goldawlar — ýeňillikli karzlar, ýer bölekleriniň bölünip berilmegi we salgyt ýeňillikleri — döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygyň özboluşly nusgasyny emele getirdi. Bu nusga Türkmenistana sebitara forumlarynda diňe bir energiýa serişdelerini däl, eýsem, taýýar önümleri we innowasion hyzmatlary hödürleýän ýurt hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň hususy pudagy — bu gün hemişelik Bitaraplygymyzyň saýasynda galkynýan ykdysadyýetimiziň sarsmaz sütünidir we sebitara goşulyşmanyň iň möhüm guralydyr. Döwletimiziň öňdengörüjilikli syýasaty bilen utgaşýan telekeçilik başlangyçlary ýurdumyzyň sebitiň ykdysady ýüregine öwrülmegini şertlendirýär. Hususy pudak durnukly ösüşe goşant goşmak we goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlygy berkitmek arkaly Arkadag Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlarynyň rowaçlanmagyna hyzmat edýär.

Parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýoly bilen il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli döwletli işleri alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdar Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Döwlet­li tu­tum­la­ry diňe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin! Wa­ta­ny­my­zyň ösüş­le­ri dowa­mat-do­wam bolsun!

Şemşat BAÝRAMGELDIÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Umumy bölüminiň müdiri.