Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

TELEKEÇILIK PUDAGYNYŇ ÖSÜŞI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz günsaýyn ösýär. Her bir halkyň bagtyýar hem bolelin durmuşda ýaşamagy üçin, döwletiň kuwwatly ykdysady ulgamynyň bolmagy bolsa zerur bolup durýar. Döwletimiz ykdysady ulgamyň has-da kuwwatlanmagy üçin bazar ykdysadyýetini ösdürmäge uly üns berýär. Bazar ykdysadyýetinde bolsa telekeçileriň tutýan orny uludyr. Döwletimiz tarapyndan hemmetaraplaýyn goldanylýan telekeçiler özleriniň ukyp-başarnyklaryny, güýç-gaýratlaryny gaýgyrman zähmet çekýärler.

Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz oňyn Bitaraplyk syýasatyna esaslanyp, dünýäniň birnäçe döwletleri bilen syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary alyp barýar. Garaşsyzlygymyzy gazanan ilkinji günlerimizden başlap, döwletimiz «Açyk gapylar» syýasatyny yglan etdi. Bu syýasat daşary ýurt maýalaryna ýol açmak, bilelikdäki kärhanalary gurmak işine çekmek arkaly milli ykdysadyýetimize häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply önümleri öndürmekdir. «Açyk gapylar» syýasatynyň yglan edilmegi bilen «Daşary ykdysady iş hakynda», «Türkmenistanda maýa goýum işi hakynda» kanunlary kabul edildi, ýagny daşary ýurt kompaniýalarynyň Türkmenistanda işlemekleri üçin hukuk giňişligi döredildi, olaryň milli ykdysadyýetimize maýa goýumlarynyň goraglylygy kepillendirdi.

Häzirki wagtda türkmen telekeçileriniň kärhanalarynda öndürülýän önümler  diňe bir içerki bazary kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem daşary ýurtlaryň hem ençemesine eksport edilýär. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň  möçberini köpeltmek, elektron senagaty döretmek boýunça maksatnamalar netijeli durmuşa geçirilýär. Türkmen telekeçileri döwletiň azyk garaşsyzlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýärler we öňde goýlan belet maksatlara ýetmeklik üçin arman-ýadaman zähmet çekýärler. Häzirki wagtda türkmen telekeçileriniň gazanan üstünliklerini dünýäniň ençeme döwletlerinde geçirilen halkara sergilerde görkezilmegi we daşary ýurt bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin uly mümkinçilikler döredilýär.

Kiçi we orta telekeçiligi, şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini artdyrmak häzirki wagtda Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň möhüm ugrydyr. Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň esasy maksatlary täze iş orunlaryny döretmek arkaly haryt bazaryny ýerli önümler bilen üpjün etmek, bäsdeşligi ösdürmek, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak hem-de telekeçilik birlikleriniň işiniň ýurt üçin ileri tutulýan ugurlaryny ilerletmek bilen baglanşykly maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Oba hojalygy ulgamynda hususy telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak uly ähmiýete eýedir. 

Oba hojalykda kiçi kärhanalary döretmekde we ösdürmekde maliýe kömegi aýratyn möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Döwlet banklary oba ilatyna we ýer böleklerine eýeçilik edýän şäher ilatyna ýurduň çäginde oba hojalygyny ösdürmek hem-de önümçiligi goldamak maksady bilen, kiçi göwrümli karzlary hödürleýär.

Telekeçiler diňe bir halkymyza ýokary hili, ekologiýa taýdan arassa önümleri hödürlemän, ýüzlerçe täze iş orunlaryny döredip, ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligine hem goşant goşýarlar. Türkmen telekeçileriniň ösdürip ýetişdiren ekologiýa taýdan arassa, gök-bakja önümleri diňe halkymyzyň däl, eýsem, doganlyk halklaryň hem ak bazarlaryna, mukaddes saçaklaryna bereket bolup dolýar. Bu pursatda daşary döwletler bilen özara hyzmatdaşlygy ýola goýup, adamzat bähbitli beýik işleri alyp barýan döwlet Baştutanymyzyň bimöçber aladalary netijesinde, türkmen telekeçileriniň dünýä bazaryndaky mynasyp ornunyň barha artjakdygyna berk ynanýarys. 

Bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşamagynyň bähbitlerine alyp barýan ähli işleri rowaçlyklara beslensin!

Täzegül HUDAÝGULYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň hasabatçysy.