Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň beýik ösüşleri äleme dolýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda dürli ugurlarda uly üstünlikler gazanylýar. Galkynyşly döwrümiziň her ýylynyň mynasyp şygara beslenip, beýik ösüşleriň rowaçlanmagy ildeşlerimizi diýseň begendirýär, buýsandyrýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýyl hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýy bilen şöhratlanar.
Şanly ýylymyzyň her bir güni ata Watanymyzyň beýik ösüşlerine, ajaýyp zähmet ýeňişlerine beslenýär. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzyň dürli künjeginde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň uly dabaralara beslenip bellenip geçilýär. Berkarar döwletimiziň ösüşleriniň bedew badyna deňelmegi halkymyzyň ýagşy arzuw-isleglerinden habar berýär. Eziz Diýarymyzda behişdi bedewlere goýulýan sarpa bu günki gün dünýä derejesinde ykrar edilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň ussat halypa seýsi Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen bu gün ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty dünýä doldy. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri baradaky Guramasynyň (ÝUNESKO) tarapyndan «Ahalteke bedewlerini seýislemek we atçylyk sungatynyň» ýurdumyzyň başlangyjy esasynda guramanyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Gahryman Arkadagymyzyň ussat halypa seýis bolmak bilen, bu ugurda ähli halkymyza nusgalyk görelde görkezýär. Milli Liderimiziň seýislän Akhan atly bedewiniň çarpaýa galyp, Rekordlar kitabynda uly yz galdyrmagy hem dünýä dolan ajaýyp hakykatdyr. Bedewlere nusgalyk Akhanyň çeper keşbiniň bu günki gün şan-şöhraty dünýäde giňden bellidir.
Çeper döredijilikde halypa bolan Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewlere bagyşlap ýazan eserleri ahalteke bedewleriň belent waspyna öwrüldi. Milli Liderimiziň «Ahalteke bedewleri – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly ajaýyp eserlerinde türkmen seýisçilik sungaty, ahalteke bedewleriniň gelip çykyş taryhy we türkmen topragynda ýaşap geçen ussat seýisleriň ömür ýollary hakynda täsirli söhbet açylýar. Ylmy hem-de jemgyýetçilik ähmiýeti taýdan gymmaty egsilmejek bu eserler ähli atşynaslar bilen birlikde, her birimiziň ýankitabymyza öwrüldi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewlerimiziň waspyny ýetirýän «Bedew», «Rowaç» atly goşgulary hem has-da täsirlidir. Milli Liderimiziň ajaýyp şygrynda belleýşi ýaly, bu günki gün behişdi bedewleriň waspy dilde sena boldy. Bedewleriň her gadamynyň halkymyzda rowaçlyga, ýagşylyga hem-de uly üstünlige ýorulýandygy bu gymmaty egsilmejek eserlerde täsirli wasp edilýär. Halkymyzda «At agynan ýerde toý bolar», «Atym bar ganatym bar», «Irden tur ataňy gör, ataňdan soň atyňy», «At – myrat» ýaly gymmatly pähimleriň döredilmegi hem ýönelige däldir. Bu bolsa ata-babalarymyzyň irki döwürlerden bäri behişdi bedewlere uly sarpa goýandygyna şaýatlyk edýär. Milli Liderimiziň ajaýyp eserlerinde bular barada jikme-jik beýan edilýär.
Berkarar döwletimizde behişdi bedewlere sarpa goýýan hususy atşynaslaryň ýüzlerçesiniň bardygyny bellemek möhümdir. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, olaryň tohum arassalygyny gorap saklamakda hususy atşynaslarymyzyň alyp barýan işleri aýratyn bellärliklidir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň dürli künjeginde atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy, sebitde deňi-taýy bolmadyk «Akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde Halkara ahalteke atçylyk akademiýasynyň döredilmegi, ajaýyp şäheriň çäginde Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkiniň hereket etmegi bedewlere goýulýan belent sarpanyň aýdyň nyşanydyr.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň uly toý ruhunda garşylanýandygyny bellemek buýsançlydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly ruhubelentlikde toýlanylýan bu ajaýyp baýramyň şanyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti bilen Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplarynyň gatnaşmagynda Daşoguz atçylyk sport toplumyna gezelençler, hususy atşynaslar bilen dabaraly duşuşyklar, söhbetdeşlikler geçirilýär. Olaryň dowamynda türkmen bedewlerine goýulýan hormat-sarpa barada buýsançly gürrüňler edilýär.
Kalplara bedew joşgunyny, zähmetimize bedew badyny bagyşlan şanly ýylymyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden gutlaýarys. Halkymyzyň bagtyýarlygy, ata Watanymyzyň bedew batly ösüşler bilen gülläp ösmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Gözel BARLYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.