Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

MILLI BUÝSANJYMYZ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ata-babalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklarymyza uly sarpa goýlup, olary aýawly saklamakda, öwrenmekde, ösdürmekde we şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli buýsanjymyz hem guwanjymyz bolan türkmen bedewleri hem, özüniň gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdyp, häzirki zaman dünýä medeniýetine goşulan milli gymmatlygymyzyň biridir. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmeginiň özi hem, halkymyzyň ýürek arzuwy bolup, milli gymmatlyklaryna goýýan belent sarpasynyň aýdyň nyşanydyr.

Türkmen Döwleti dünýämize birnäçe gymmatlyklary beren halkdyr. Şol gymmatlyklaryň biri-de biziň ahalteke bedewlerimizdir. Ýyndamlygy we owadanlygy bilen älemi haýran eden meşhur behişdi bedewlerimiziň taryhyna ser salsaň, onuň şöhratly taryhynyň bardygyna göz ýetirip guwanýarsyň. Şan-şöhraty dünýä dolýan ajaýyp, ýelden ýyndam bedewlerimiz dünýä atçylygynyň taryhynda hem müdimilik orun alýar. 

Ata-babalarymyzyň döreden maddy gymmatlyklarynyň naýbaşylarynyň biri bolan behişdi bedewlerimiz gözelligiň ajap nusgasydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplary bilen bir hatarda «Döwlet guşy», «Älem içre at gezer» atly romanlarynda hem, türkmen bedewine uly sarpa goýulýar. Köp asyrlaryň dowamynda özüne mahsus bolan güýç – kuwwaty, ýyndamlygy, gözelligi we akyllylylygy bilen tapawutlanýan ahalteke bedewi bu gün Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň bezegi, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşleriniň nyşany bolup durýar.

Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde gözellikde hem-de ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerimiziň şanyna Türkmen bedewiniň baýramy ulydan tutulýar. Dünýäde iň ýyndam we gözel atlar hökmünde uly şan-şöhrata eýe bolan türkmen bedewleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli toý-baýramlarymyzyň bezegine öwrüldi. Ýurdumyzda giňden toýlanýan Türkmen bedewiniň baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasynyň hatarynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisiniň, ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň, «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly halkara ylmy maslahaty, atçylyk sportuna degişli ýaryşlaryň geçirilmegi dabaralaryň ähmiýetini has-da artdyrýar. Bu baýramçylyk çärelerine dünýäniň köp sanly ýurdundan myhmanlaryň gatnaşmagy örän guwandyryjy, buýsandyryjy hadysadyr. Häzirki döwürde öz gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan arassa tohumly ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly atçylyk sungatynyň milli ýörelgelerini we däp-dessurlaryny gaýtadan dikeltmek, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak we ösdürmek, ýaşlary atçylyk sporty bilen meşgullanmaga işjeň çekmek, şeýle hem bedewlerimizi bütin dünýäde wagyz etmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär, durmuşa geçirilýän her bir işlerde-de uly üstünlikler gazanylýar gazanylan bu üstünlikleriniň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda atçylyk pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmekde alnyp barylýan giň gerimli işleriň üstünlikli dowam etdirilýändigini aýdyň subut etmek bilen, halkymyzda çäksiz buýsanç duýgularyny döretdi.

Ganatly bedewlerimiz merdana halkymyzyň, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň tutuş dünýä dolan şan-şöhratynyň, abraý-mertebesiniň gözbaşlarynyň biridir. Şonuň üçin hem, türkmen halkynyň mukaddeslik derejesine göteren behişdi bedewleriniň dünýä dolan şan-şöhratyny has-da belende götermekde döwlet derejesinde uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

Akbäbek GULESENOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň baş hasapçysy.