Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

SPORT — DOST - DOGANLYGYŇ HEM PARAHATÇYLYGYŇ DAÝANJY

7-nji aprel — Bütindünýä saglyk güni. Bu gün ýurdumyzda adamzadyň parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan, milletleriň dost-doganlyga bolan synmaz söýgüsini aňladýan baýramçylyk hökmünde giňden bellenilip geçilýär. Şu nukdaýnazardan, bu baýram «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda has-da uly ähmiýete eýe. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, sport ählumumy parahatçylygy, döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar. Şonuň üçin bu gün Diýarymyzyň dürli künjeklerinde köpçülikleýin bedenterbiýe çäreleri has-da dabaraly ýaýbaňlandyrylar. Bu çärelere Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerýän dürli ýaşly, dürli kärli watandaşlarymyz bilen birlikde, hususy ulgamyň wekilleri-de işjeň gatnaşarlar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman  Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Bu strategiýa jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň wagyz etmekden başlap, lukmançylygyň iň täze we täsirli usullaryny ulanmaga çenli saglygy goraýşyň milli nusgasyny döretmäge gönükdirilen düýpgöter täze çemeleşmeleri öz içine alýar. Şol sanda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmak, ilatyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak babatda toplumlaýyn işleri özünde jemleýär. Şol maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde häzirki zaman lukmançylyk merkezleri, şypahanalar, derman kärhanalary we milli saglygy goraýyş ulgamyny täze derejä göteren beýleki ugurdaş düzümler gurulýar. 

         Ýeri gelende bellesek, saglyk syýasatynyň çygrynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmäge aýratyn üns berilýär. Şu maksat bilen döwletimiz häzirki zaman sport-sagaldyş düzüminiň giňeldilmegine hem-de olaryň halkara ülňülere laýyk gelmegine ägirt uly serişde gönükdirýär. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde zerur enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman sport toplumlarynyň, köpugurly stadionlaryň, sport mekdepleriniň we beýleki ugurdaş desgalaryň gurulmagy netijesinde halkara ölçeglere laýyk gelýän öňdebaryjy sport-sagaldyş ulgamyny döretmekde uly üstünlikler gazanylýar. Şular ýaly beýik ösüşlerde hususy telekeçilerimiziň hem uly goşandynyň bardygy iňňän guwandyryjydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda köpugurly sport toplumlarynyň gurlup ulanmaga berilmegi ýerli telekeçilerimiziň milli sportumyzy ösdürmäge goşýan goşantlarynyň anyk mysallaryna delildir. Ýaşlarymyzyň heniz çagalykdan sporta bolan höwesini artdyrmakda uly ähmiýete eýe bolan ýokary derejede enjamlaşdyrylan sport zallaryny, basketbol we woleýbol meýdançalaryny, ýüzülýän howuzlary, tennis meýdançalaryny we beýlekileri öz içine alýan bilim we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň taslamalary hususy binagärlerimiz tarapyndan durmuşa geçirilýär. Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegi döwlet syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri hökmünde yglan eden Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanyp, ildeşlerimize görelde bolýarlar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýanlaryň sanynyň barha artmagy sportuň jemgyýetiň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülendiginiň aýdyň mysalydyr. 

Soňky ýyllarda syýasy, işewürlik, medeni-jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm çäreleriniň geçirilýän ýeri bolan Aşgabat eziz Diýarymyzyň baş şäheri diýen belent derejesine laýyklykda, dünýä sportunyň iri merkezine hem öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän täzeçil şähergurluşyk strategiýasynyň netijesinde, paýtagtymyz halkara giňişlikde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin ähli zerur mümkinçilikleri bolan şäher hökmünde uly abraýa eýe boldy. 

Aşgabatda geçirilýän halkara ýaryşlar ýurdumyzyň diňe bir sport abraýyny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, tutuş dünýäde parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine goşant goşýan ýurt hökmünde döwletimiziň abraýyny belende galdyrýar. Bu bolsa Türkmenistanyň giň hyzmatdaşlygy, dostlugy, işewür gatnaşyklary ilerletmegi, sebitde hem-de tutuş dünýäde ynanyşmak, özara düşünişmek ýagdaýyny berkarar etmegi maksat edinýändigini ýene-de bir gezek bütin dünýä görkezmäge ajaýyp mümkinçilikdir. Ýurdumyz bu möhüm işi belent ynsanperwer ýörelgeleri bilen utgaşdyrýar. Munuň özi adamlaryň mümkinçiliklerini has doly açmaga gönükdirilen belent ynsanperwer mazmuny özünde jemleýär. Dünýäniň iri ýaryşlarynda ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýän ýaş türgenleriň kämil nesliniň kemala gelmegi munuň aýdyň güwäsidir. 

Ogulbeg ANNAORAZOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.