Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

TÜRKMENISTAN YKLYMYŇ MÖHÜM ULAG-LOGISTIKA HALKASY: TELEKEÇILIGIŇ ÖSÜŞI WE DÖWREBAP ÝOLLAR

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan dünýäniň ulag kartasynda özüniň strategik ornuny has-da berkidýär. Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça iri logistik merkeze öwrülýär. Bu bolsa ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň, aýratyn-da, hususy bölegiň ösmegine täzeçe itergi berýär.

Türkmenistanyň ulag ulgamyndaky syýasaty halkara hyzmatdaşlygyň täze nusgasyny döredýär. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen birnäçe Kararnamalar döwrebap ulag geçelgelerini döretmegiň ähmiýetini dünýä derejesinde tassyklady. «Lapis — Lazuli» geçelgesi, Gündogar — Günbatar ugruna goşulýan täze duralgalar we Hazar deňzindäki Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty Türkmenistanyň sebitdäki üstaşyr mümkinçilikleriniň özenidir.

Ýurdumyzyň ulag düzüminiň iň iri we möhüm taslamalarynyň biri hem Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoludyr. Bu ägirt uly gurluşyk diňe bir ýollaryň hilini gowulandyrman, eýsem, sebitara söwdanyň depginini birnäçe esse artdyrmaga niýetlenendir. Geçen ýyllarda bu ýoluň Aşgabat — Tejen we Tejen — Mary bölümleriniň açylmagy ýük gatnawlarynyň wagtyny tygşytlamaga we üstaşyr geçýän ulaglaryň howpsuzlygyny iň ýokary derejede üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Bu döwrebap ýol türkmen telekeçileri, has takygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan «Nusaý ýollary» we «Hyzmat merkezi» hususy kärhanalary hem-de «Edermen» we «Altyn nesil» hojalyk jemgyýetleri tarapyndan halkara standartlaryna laýyklykda gurlup, häzirki zaman akylly dolandyryş ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu döwrebap ýoluň jemleýji tapgyrynyň ulanyşa berilmegi bolsa işewürligiň ösüşine goşant goşar. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň üstünlikli alnyp barylmagynyň aýdyň nusgasy bolan bu ýol ýurdumyzyň sebitleriniň arasyny has-da ýakynlaşdyrylyp, senagat zolaklaryny bitewi ykdysady giňişlige birikdirmäge kömek eder.

Hormatly Prezidentimiziň hususy bölege berýän goldawy netijesinde türkmen telekeçileri bu ägirt uly taslamalaryň esasy ýerine ýetirijilerine öwrüldiler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan amala aşyrylýan awtoban gurluşygy, ýerli kompaniýalaryň tejribesini we güýjüni görkezýän subutnamadyr.

Häzirki döwürde «Hazar logistik», «Halkara dostluk», «Ulag-logistika merkezi» (TULM) ýaly birnäçe ýerli logistik kompaniýalar diňe bir ýurdumyzyň içinde däl, eýsem, halkara derejesinde hem ýük daşamak hyzmatlaryny hödürleýärler. Olar ýükleri deňiz, demir ýol we awtomobil ulaglarynyň üsti bilen utgaşykly daşamak, ýükleriň ýerini «online» yzarlamak we resminamalary elektron görnüşde resmileşdirmek, eksport we import amallaryny gysga wagtda amala aşyrmak ýaly ugurlarda ýokary hilli hyzmat edýärler.

Türkmenistanyň logistik kuwwatynyň ýokarlanmagy diňe bir üstaşyr söwdadan gelýän girdejileri artdyrman, eýsem ýurdumyzda, täze önümçilik desgalarynyň, ammarlaryň we terminal toplumlarynyň gurulmagyna sebäp bolýar. Ýol ugrundaky düzümleriň ösmegi bilen, köp sanly täze iş orunlary döredilýär. Bu bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna hyzmat edýär.

Hakykatdan hem, Türkmenistan bu gün Beýik Ýüpek ýolunyň galkynyşynyň merkezinde durup, parahatçylygyň, dostlugyň we ykdysady hyzmatdaşlygyň köprülerini gurýar. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygary astynda amala aşyrylýan bu özgertmeler, ýurdumyzyň Ýewraziýanyň ykdysady ösüşiniň kerwenbaşylarynyň birine öwrülýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Sebitleri we yklymlary bir-biri bilen baglanyşdyrýan ýollary gurmak, döwrebap ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek arkaly durnukly ösüş gazanmaga goşant goşmak Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikde öňe sürýän möhüm başlangyçlarynyň hatarynda durýar. Dünýäniň çar ýanyna dost-doganlyk ýollaryny gurýan, ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň hatyrasyna beýik işleri bitirýän hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Baýrammyrat ATAÝEW , Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.