Ýylyň ýylyna bolşy ýaly 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany» ýylynyň 7-nji aprelinde Türkmenistan döwletimizde Bütindünýä saglyk güni giňden baýram ediler. Şanly sene mynasybetli Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçiriler. Ýurdumyzda geçiriljek köpçülikleýin welosipedli ýörişe işjeň we sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekde ildeşlerimize görelde bolýan hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagy bütin halkymyz, hususan-da, ýaş nesillerimiz üçin nusgalyk görelde mekdebi bolýar. Şeýle-de geçirilmegi indi asylly däbe öwrülen bu çäre türkmenistanlylaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezmek bilen, hemmeleri täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň paýtagtynda we sebitlerinde bedenterbiýe, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredilýär. Bu möhüm ulgamyň ösdürilmegi ynsan saglygyny berkitmegiň, dürli keselleriň öňüni almagyň, adamlaryň beden we ruhy taýdan kämilleşmeginiň, durmuş derejesiniň ýokarlanmagynyň, sazlaşykly ösýän ýaş nesilleri kemala getirmegiň aýrylmaz şerti bolup durýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki ugurdaş maksatnamalardyr taslamalar yzygiderli amala aşyrylyp, degişli düzümiň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar. Diýarymyzyň çar künjeginde ýokary halkara ölçegleriň ähli talaplaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş, bejeriş-şypahana, sport düzümleriniň desgalary guruldy we gurluşyklary dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sport jebisleşdiriji, ruhlandyryjy güýç bolmak bilen, ählumumy parahatçylygy, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat edýär. Täze taryhy döwrümizde sport diplomatiýasy döwletimiziň daşary syýasatynyň işjeň ösdürilýän ugurlarynyň hatarynda ähmiýetini has-da artdyrdy. Şonuň netijesinde, Türkmenistan iri halkara ýaryşlaryň geçirilýän ýerine öwrülýär. Munuň üçin Diýarymyzda ähli zerur şertler bar. Ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak, netijeli türgenleşmek, türgenleriň ussatlygyny kämilleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, milli we halkara derejedäki ýaryşlary guramak üçin döwrebap ugurdaş infrastruktura döredildi.
Welosiped barada aýdylanda, ol meşhur sport ulagy bolmak bilen, ulagyň ekologik taýdan iň arassa görnüşi, işjeň we peýdaly dynç alyş üçin ajaýyp serişdedir. Umuman, ol sportuň, ekologiýanyň, sagdynlygyň özara baglanyşygyny alamatlandyrýar. Welosiped ulagyň ekologik taýdan iň arassa görnüşi hasaplanýar. Ony gezelençlerde we syýahatlarda ýa-da sport ulagy hökmünde ulanmak bilen, adamlar diňe bir saglygyny berkitmän, eýsem, daşky gurşawa aýawly we jogapkärçilikli çemeleşýändiklerini hem görkezýärler.
Türkmenistany sportuň we sagdynlygyň mekany hökmünde dünýä tanadan, Türkmenistan watanymyzy bagtyýarlyk ýurduna öwüren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik tutumly işleri rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Gülsoltan ALLAGULYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.