Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň şan-şöhraty barha belende göterilýär. Täze taryhy eýýamda biri-birinden üstünlikli gelýän ýyllaryň ajaýyp şygar bilen atlandyrylmagy däbe öwrüldi. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy eziz Watanymyzyň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşmakda bütin halkymyzy hasda döredijilikli işlemäge ruhlandyrdy. Nesip bolsa, bu taryhy ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň baýramy giňden bellenilip geçiler.
Türkmen halkynyň öz gözbaşyny birnäçe müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan gadymy taryhynyň dowamynda döreden birnäçe ruhy we medeni gymmatlyklary bar. Şol gymmatlyklaryň iň naýbaşylarynyň biri-de türkmeniň ahalteke bedewidir. Taryhyň dürli döwürlerine ser salyp görenimizde her türkmen halkyny bedewsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Gadymy döwürlerde bedewlerimiz halkymyza ulag serişdesi hökmünde hyzmat edip, söweşlerde ýakyn hemrasy bolan bolsa, häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe olar halkymyzyň çäksiz mähir-söýgüsi, yhlasy siňdirilip, sungat derejesine ýetirilen milli guwanjymyzdyr. Türkmen halky öz bedewini maşgala agzalarynyň biri hökmünde gowy görüpdir.
Ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty asyrlar boýy äleme dolup gelýär. Behişdi bedewlerimize häzirki döwürde aýratyn sarpa goýulýar. Türkmen bedewleri umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna uly goşant goşan halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlygydyr. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzda arassa ganly ahalteke atlarymyzyň sarpasy belent tutulýar. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli hem dünýä medeniýetiniň gudraty hasaplanylýan ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da beýgeldýär.
Ata-babalarymyz: «At- myrat», «At dosty-ata dosty», «Ataň barka dost gazan, atyň barka-ýol», «At -ýigidiň diregi, haly-gyzyň ýüregi», «At agynan ýerde toý bolar», «Atym bar-ganatym bar» ýaly çuňňur parasada ýugrulan nakyllary, atalar sözlerini döredipdirler.
Ýigidiň ýoldaşy, syrdaşy hasaplanylýan ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhraty dünýä dolýar. Muňa aýdyň mysal hökmünde 2026-njy ýylyň ilkinji aýynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalara mynasyp bolmagyny görkezip bolar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bedewlerimizi wasp edýän «Ahalteke bedewi-milli buýsanjymyz we şöhratymyz», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Gadamy batly bedew» ýaly ajaýyp eserlerini halkymyza peşgeş berdi. Bu bolsa ahalteke bedewlerine çuňňur sarpa goýulýandygynyň özboluşly beýanyna öwrülýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda şu günki gün ahalteke atlarynyň sanyny köpeltmäge, tohum arassalygyny saklamaga, behişdi bedewlerimiziň geçmişdäki şöhratyny has belende götermäge ähli şertler döredilýär. Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Ahalteke atçylyk akademiýasynyň açylmagy, welaýat merkezlerinde häzirki zaman atçylyk sport toplumlarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi, türkmen bedewleriniň gözellik bäsleşikleriniň geçirilmegi ýurdumyzda milli buýsanjymyz bolan bedewler hakynda edilýän aladanyň aýdyň beýanydyr.
Türkmeniň köňül buýsanjy, uçar ganaty hasaplanylýan behişdi bedewleriň taryhyna ser salanyňda asman giňişligi ýaly giň we çuň hakykatyň ýatandygyny bilmek bolýar. Türkmen ýigidi üçin bedewiň üsti Süleýmanyň tagty hasaplanylýar. Nusgawy şahyrymyz Seýitnazar Seýdiniň:
Münende şaý bolsa tükel esbaby,
Tagty-Süleýmandyr üsti bedewiň.
Jul eýleseň atlas bile zerbaby,
Şonda biarmandyr üsti bedewiň
-diýen setirleri muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Owadanlykda, ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerimiziň tarypy şahyrana döredijilige, nusgawy edebiýata, geçmiş taryhymyza siňendir. «Kowusnama» kitabynda: «Dünýä ynsan bilendir, ynsanam haýwan bilendir, haýwanlaryň iň gözeli bolsa atdyr. At saklamak hojalykçylykdyr, mertlikdir. Aty we lybasyňy gowy sakla, at bilen lybas hem seni gowy saklar» diýlipdir. Mundan başga-da, ahalteke bedewiniň ýyndamlygy, owadanlygy, çydamlylygy, wepalylygy, duýgurlygy barada geçmişiň alymlary, atşynaslary özleriniň gowy pikirlerini taryhyň sahypalarynda galdyrypdyrlar.
Asuda Watanymyzyň goýnunda atçylygy ösdürmekde gadymy ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Tuwakgylyç WELIÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.